yurek
14.03.2024 18:05
Dost- dost diyip seni kàn gujaklanlar
Isiñ dûsûp barsa yalan bolup dur.
Dûynki maña derdin aydyp aglanlar
Bu gûn meñ derdime gûlen bolup dur


Kimler ata - enàñ kim puluñ zary
Kimler yetip bilmez kim kowar yary
Bir haramlyk tapsa gaytmayan biri
Il gôzûne bas egilen bolup dur


Adam sen çydaman içdeki derde
Dost diyip syr aytsañ bir gûn namarda
Yeñsàñden gywatyñ edip her yerde
Ôzi arassaja bolan bolup dur


Dost diyip, yar diyip yûz berme çenden
Barybir unudar gidayseñ mundan
Sen diyip saraljak yene gûn- gûnden
Dûnyàde yeketàk eneñ bolup dur!
24
42
yurek
14 Mart 2024
@elya, awtoryny bilmedim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.