yurek
15.03.2024 09:35
Gadry geçer sene geçse seneden
Dogan yakyn bolar dostdan yeneden
Doganlar mirasdyr ata- eneden
Çyn yûrekden sôyjek dogandyr-dogan

Bu durmus dogansyz agyr adama
Doganyñ diyer "Arma yadama"
Ôzi sûyt gatyk bolup mydama
Seni gaymak sayjak dogandyr dogan

Yagsy gûnde salmasada yadyna
Yaman gunde derrew yetjek dadyña
Dayansañ bat berjek seniñ badyña
Gûnes kimin çoyjak dogandyr dogan


Gap gara bulutlar ûstûñden yagsa
Kerwenlerden agyr yûkleriñ agsa
Birden soyenere tapmasañ pagsa
Saña direg boljak dogandyr dogan


Awtor:Akjagûl Allaberdiyewa
18
25
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.