ylham_gurbanaly
23.03.2024 05:21
Durmuşda ösüşe, kämillige ymtylýan bir adam bar eken. Bir gezek ol içki kuwwatyny artdyrmak üçin ruhy mynajata berilmeli diýen netijä gelipdir. Ýöne ýaňy bir jaýlaşykly oturýarmyşyn welin, oňa hökman bir päsgel berýän zat tapylýarmyşyn. Ilki öz öýünde ornaşykly oturyp, demini dürsäp, ruhy mynajata başlajak bolupdyr welin, ýokarky gatdaky goňşularynyň goh-galmagaly eşidilip başlapdyr. Ol bu galmagala üns bermejek bolup kän çytraşsa-da, başarmandyr. Goňşularyndan lapykeç bolup, ol adam seýilgähde oturyp, ümsümlikden lezzet almagy ýüregine düwüpdir. Bir amatlyja ýer tapyp, şol ýerde-de ornaşypdyr. Ýöne şol töwerekde birden çagalar iki-ýana at salyp başlapdyrlar, olaryň şowhun-şagalaňy asmana galypdyr. Bir ýerlerden ýany itli gyzjagaz gelipdir, garaz, çagalar ala-wagyrdy bolupdyrlar. Ýaňky adamyň gahary gelip, derrew seýilgähden gitmek bilen bolupdyr. Ol tokaýa gidipdir. «Şol ýerde-hä ümsümlikdir, adam ogly bimaza etmese gerek» diýip ol pikir edipdir. Ol bir açyk meýdançany peýläpdir. Ýöne ol tokaýda-da arkaýyn bolup bilmändir. Hemişe biynjalyk bolara sebäp tapylypdyr. Kä guşlaryň owazy päsgel berse, käte ýapraklaryň şygyrdysy ýüregine düşüpdir, käte-de ýeliň şuwwuldysy irizipdir. Adamyň gaty gahary gelipdir. Ol näme üçin ümsümlikden lezzet almagyň başartmaýanlygyna hiç düşünip bilmändir. Ol böküp ýerinden turupdyr-da, tokaýyň jümmüşine tarap ylgap gidipdir. Ol tä bir kiçiräk gowaga baryp diräýýänçä, aýak aldygyna ylgapdyr. Ýaýdanyp durman ýaňky adam gowaga giripdir. Gowagyň içi garaňky hem çyg eken. Ol oturyp, köşeşipdir. Ýöne birden gowagyň içinden suwuň damýan sesi eşidilipdir. Şonda adamyň kalbynda täze bir pikir — özüne doly ümsüm bolar ýaly bir jaý gurunmak, şol ýerde-de ruhy mynajata berilmek arzuwy döräpdir. Birnäçe ýyldan soň ol özüne täze, ses geçirmeýän jaý gurnupdyr. «Ynha, indi men ümsümlikden lezzet alyp bilerin!» diýip, ol adam pikir edipdir. Ol aýbogdaşyny gurap oturypdyr-da, gözlerini ýumupdyr. Emma gulagyňy deşip barýan bu ümsümlikde «jyk-jyk, jyk-jyk» edýän ses has-da batly ýaňlanypdyr. Ýerinden böküp turan adam diwardaky sagady goparyp alypdyr-da, pylçap urupdyr. Soňra ol ornaşykly oturyp, köşeşipdir. Lezzetini duýup, bir dem alypdyr, ýylgyrypdyr. Indi-hä doly ümsümlik bolar Ýöne... «Dük... dük... dük» — onuň gursakdaky ýüregi barha batly urup başlapdyr.

Älem ähli babatda bir kemsiz we kämil ýaradylandyr. Ruhuňda hem kalbyňda rahatlyk höküm sürýän bolsa, seniň töweregiňdäki zatlaryň bary hem sazlaşyklydyr.


Orazmyrat MYRADOW \\\"Naşyja sowgatlar\\\"
33
101
ylham_gurbanaly
22.03.2024 23:19
Bir ýerlere gitsem...
Hiç kim duýmasa...
Gidemsoňam duýulmasa ýoklugym...
Ýüregimi çala eşdip bilseler —
Şol bor setirlerme berlen „aklygym“.

Gülmeseler duýgularmyň üstünden,
Ýagşylykda ýatlasalar kämahal.
Men kalbymy köpe açmak isledim,
Zähmet çekdim beýnim bilen kän mahal.

Düşündiler.
Käte düşündirdiler,
Syr berip, syrymy alanlar boldy.
Durmuş gürzüsine ýegşerlip ýörkäm
Oň üstüne şarpyk çalanlar boldy.

Derdimiň ýaryn däl, baryn bagş edip,
Setirlemde açjak boldum ýüregmi.
Bilýän, juda kän berildim duýgyma,
Bilýän, juda kän agzadym „melegmi“.

Indi bolsa, „melegem“ ýok, söýgem ýok,
Meň henizem ýalňyzlygym, täkligim.
Bir ýerlere gitsem...
Hiç kim duýmasa...
Gidemsoňam duýulmasa ýoklugym...

Sapa HOMMADOW.
29
58
ylham_gurbanaly
20.03.2024 13:57

Salam Öwrenmeliň mähriban agzalary. Siziň hemmejäňize tutýan Orazalaryňyzyň, berýän we bermekçi bolýan agyzaçar, hudaýoly sadakalarňyzyň kabul bolmagy diläp, "Ylham" studiýasynyň ýazga almagynda "Tanyşmak aýyp däl" virtual tanyşlyk gepleşigimiziň 17-nji sanynda sizi hoş gördük. Gepleşigiň bu sanynda gelin agzamyz bolan "@paradise agzamyz myhman bolar. Çagalaryňyzy yatyryp gelen bolsaňyz, gepleşigimizde hoş gõrdük) .

Taýyar bolsaňyz başladyk onda.

Gepleşigiň baş hemaýatkäri: 1ni alsaň 1i mugt däl-de, 1ni alsaň 2,3,4 si mugt, goşmaça ýene başga zatlaram goşup, sany bilen adamlaryň gulagyna münýän, hasapda bolsa ýene-de girdeýji alýan "gaýgyly market" ))


@manolya derrew jorasyna, gepleşikden çykdygymyz dostawka edýäs diýýär)


Hany agzyňyzy suwjardyp, derrew ajykdyk diýip başlamakaňyz, başladyk onda..


1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).

2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyzjyk...

3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz? (Sizem köne möjeklerden bolmaly)

4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz/joraňyz kim?

5. B.e. öňki  Ýura eýyamyndaky Öwrenmeliniň dörän ýyllarynda @paradise agza like almakda çempionyň çempionydy. Soň soňlar başagaýlyk köpeldi öýdýän? Häzirem öňkiler ýaly bolsaňyz 1nji ýerde durarsyňyzmy?

6. Maşgala - bu näme?

7. Söýgi @paradise dilinde nähili?

8. Gyzlaryň gullugy gelin bolansoň başlanýar. Gelin maladoý, gaýyn ene dembil diýýäler. Sizde nähili ýagdaý boldy?

9. Synpdaşlar bilen häzirlerem habarlaşýaňyzmy? (Mekana gullukda gezip ýör)

10. Durmuşa ir çyksaň gowumy ýa giç? Gulaklaryny 4 edip diňläp otyran gyzlarymyza sizden nähili bellikler, nähili maslahatlar bar? Gelin bolaňsoň hökman etmeli 3 zat nämeler bolup biler?

11. Haýsy tipdäki kinolary görýärsiňiz? Goşgydan başga nämeleri halaýarsyňyz?

12. Şahsyrak soragdyram welin, Sosial ulgamlara girmegiňize giýewjigimiziň nähili garaýşy bar? Öwrenmelä agza boldumy olam?

13. Durmuşyňyz bir kino bolsa adyna nåme goýardyňyz?

14. Öwrenmeliň agzalaryna hökman aýtmaly zadyňyz barmy?

15. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?

16. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?

17. Goý, Siziň janyňyz sag bolsun.  Çagajyklarňyzyň bagtyna guwanyp, uzak ýaşamak nesip etsin. Saglykda gõrşeliň!


Agzalar siziňem @paradise agzadan gyzyklanýan soragyňyz bar bolsa, arkaýyn teswirde sorap bilersiňiz!

58
933
ylham_gurbanaly
19.03.2024 23:54
Hemme goşgy diýişende,
Gezýärdim men ömür ýazyp.
Günortanyň güneşinden,
Eremedi Demirgazyk.

Islegmi görkezmän günler,
Petegimi alyp galdy...
Saňa berilmedik güller,
Satyjyda solup galdy...

Perýady arşa ýetirlen,
Her gündäki ahwallarym.
Düşünmez ýaly setirlem,
Ýazuwy däl lukmanlaryň.

Ilki çyndan söýüşenler,
Soňra bolar özge ýaly.
Bile bagta göreşenden,
Gaýtam aldyň özge ýoly.

Gowy günler geçdi sözden,
Gapyş indi gapyşsaňam.
Damja bolup düşdiň gözden,
Kirpigimden ýapyşsaňam.

Ylham GURBANALYÝEW
30
152
ylham_gurbanaly
19.03.2024 12:26

Her gijede ýygnak boldy beýnimde,

Bu bolşuňy mundan beýläk ýeň boldy

Aglamadym berlen çapraz ykbala,

Güldüm gülmedik durmuşa -

Geň gördi.


Her gijede ýygnak boldy beýnimde,

Ýalňyşlarmy çözmekçidim sençeräk

Çakyşdyryp gamdan doly badany,

Ruhuň bilen gussa iýdim çemçeläp


Her gijede ýygnak boldy beýnimde,

Haýra ýordum bolanlaryň baryny

Güýze döndi geçip giden baharym,

Tomus aldym gyşyň berjek garyny


Her gijede ýygnak boldy beýnimde,

Pikirlerim ýalňyzlygy gurnaşýar.

Sensiz günler hiç bolmajak ýalydy,

Boljak eken, durmuşyma ornaşýar...


Ylham GURBANALYÝEW

2022.

34
74
ylham_gurbanaly
19.03.2024 05:41
Gelerin, görerin diýseňiz!
26
68
ylham_gurbanaly
18.03.2024 13:54
Yşk güýjün ýitirmez, entek berk eder,
Sönenin bilsemde birwagt çyragyň.
Duýgularmy öz yzyna tirkeden,
Meňzediň sen iň soňunda Syraga...

Ýöne, ýigrenmäge güýjüm ýetenok,
Başga söýgä goýberenok erk meni.
Sebäp, gözellikler ünsüm çekenok,
Keşbiň diýe bulaşdyryp reňkleri.

Suratlar diňleýär, (gürlänok emma)
Sensizlik öwrüler emsiz kesele.
Gussalar geljege bolaýsa hemra,
Bir gün goşgulamdan ýadar "Nesilem"

Senli pikirlere öl-myžžyk borun,
Duşan dek baharyň çasly siline.
Özümi hemmä-de söýdürer-ýörün,
Söýdürip bilmän birine...

Ylham GURBANALYÝEW
2024.03
28
58
ylham_gurbanaly
18.03.2024 00:22
Göwher bolsaň, göterenler tapylar...

Mämmet Seýidow

*****

Edebilsem etjek kömegim a:şa,
Betpygyl niýetim ýokdur asla-da.
Dilegim: "Gowylar siz uzak ýaşaň!"-
bärsinden aňrysy ýakyn hassa-da...

Ýaranjaňlyk bolsa, gül ömrüm solsyn
Şondan geljek her bir hörek - ýat hörek.
(Goý, iller ýaranyp samolýot alsyn!
Bize bolsa bolýa - ýöne batbörek)

Köpiň ýoňy "meşhur bolmak", "täje ýet"
Biziňki entägem bir gat merdiwan.
Liftläp galjaklaň pikiri näteňet?!
Setirleri etmese-de bendiwan.

Kyn ýoly saýlapdyň.
Dowam et, Ömrüm!
Ýeňil ýollar öňde-soňda ýapylar.
Darykma sen asla, duýguçyl göwnüm!
Göwher bolsaň, göterenler tapylar...


Ylham GURBANALYÝEW
2021
31
61
ylham_gurbanaly
17.03.2024 05:37
Dogry baha bermez hiç kim meňzime,
Pikirlem içimi iýäýjek ýaly.
Çeňňek atdym arzuwlaryň deňzine,
Ýene-de gam-gussa iläýjek ýaly.

Şatlyk bilen geçjek ömrüm her güni,
Göwnümi gam-gussa sowgatlyk berdim.
Olam boş goýmady - öwezne meni,
Elime tutdurdy ýalňyzlyk derdin.

Aslynda göwnüm deý özüm ýygradym,
Içdäkilem ýazmagyma sebäpçi.
Gussa pyçagynda arzuw dogradym,
Ýüregim lowlap dur, beýnim kebapçy.

Ykbalmy bu?!
Öz-özmize amalmy?
Neçüýn bolar arzuwlarym çig-çarsy.
Yşk okundan atyp goýan maralmy,
Alar bir gün özge sähraň ýolbarsy...

Öz awuňa özüň dyňzap ýetmeseň,
Diýerler: " özüňde soňsuz günä kän "
Göreşmedik...
Şony hasap etmeseň,
Maralam, awçy-da bolmaz günäkär.


Ylham GURBANALYÝEW
2021
29
59
ylham_gurbanaly
16.03.2024 00:38
Bu gije gussa kän kalby gemirýän,
Tebigat dem alýar agyr hem tukat.
Ýyldyzlar birsyhly süýnýär asmanda,
Şemallar ses edip gidýärler uka.

Köpýyllyk hassa deý tutuksy asman,
Aýylganç dymyşlyk ýöredýär hökmün.
Oýunçylja guşlar näme,
Şolaňam
bu gün göwünleri birgeňsi çökgün.

Dagyň agraslygy artana meňzeş,
Boýny buruk çüw-ýalaňaç baglaňam.
...Menem gidip barýan çola köçeden —
Iň bir näzik duýgulary talanan.

Hyýallarym uçup ýörler düýnde,
Ahmyr bilen penjeleýän saçymy.
Öz-özüme ezýet berip — kötekläp,
Sowatmaga meýil edýän içimi.

Bu gije duýgulam şam boldy gussa,
Bu gije ýüregim boşatdy için.
Käbir zatlar pida etdi özüni
Käbir zatlar üçin...

Sapa HOMMADOW.
39
63