ylham_gurbanaly
17.03.2024 05:37
Dogry baha bermez hiç kim meňzime,
Pikirlem içimi iýäýjek ýaly.
Çeňňek atdym arzuwlaryň deňzine,
Ýene-de gam-gussa iläýjek ýaly.

Şatlyk bilen geçjek ömrüm her güni,
Göwnümi gam-gussa sowgatlyk berdim.
Olam boş goýmady - öwezne meni,
Elime tutdurdy ýalňyzlyk derdin.

Aslynda göwnüm deý özüm ýygradym,
Içdäkilem ýazmagyma sebäpçi.
Gussa pyçagynda arzuw dogradym,
Ýüregim lowlap dur, beýnim kebapçy.

Ykbalmy bu?!
Öz-özmize amalmy?
Neçüýn bolar arzuwlarym çig-çarsy.
Yşk okundan atyp goýan maralmy,
Alar bir gün özge sähraň ýolbarsy...

Öz awuňa özüň dyňzap ýetmeseň,
Diýerler: " özüňde soňsuz günä kän "
Göreşmedik...
Şony hasap etmeseň,
Maralam, awçy-da bolmaz günäkär.


Ylham GURBANALYÝEW
2021
29
59
alma___
17 Mart 2024
Gowy goşgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.