ylham_gurbanaly
20.03.2024 13:57

Salam Öwrenmeliň mähriban agzalary. Siziň hemmejäňize tutýan Orazalaryňyzyň, berýän we bermekçi bolýan agyzaçar, hudaýoly sadakalarňyzyň kabul bolmagy diläp, "Ylham" studiýasynyň ýazga almagynda "Tanyşmak aýyp däl" virtual tanyşlyk gepleşigimiziň 17-nji sanynda sizi hoş gördük. Gepleşigiň bu sanynda gelin agzamyz bolan "@paradise agzamyz myhman bolar. Çagalaryňyzy yatyryp gelen bolsaňyz, gepleşigimizde hoş gõrdük) .

Taýyar bolsaňyz başladyk onda.

Gepleşigiň baş hemaýatkäri: 1ni alsaň 1i mugt däl-de, 1ni alsaň 2,3,4 si mugt, goşmaça ýene başga zatlaram goşup, sany bilen adamlaryň gulagyna münýän, hasapda bolsa ýene-de girdeýji alýan "gaýgyly market" ))


@manolya derrew jorasyna, gepleşikden çykdygymyz dostawka edýäs diýýär)


Hany agzyňyzy suwjardyp, derrew ajykdyk diýip başlamakaňyz, başladyk onda..


1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).

2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyzjyk...

3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz? (Sizem köne möjeklerden bolmaly)

4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz/joraňyz kim?

5. B.e. öňki  Ýura eýyamyndaky Öwrenmeliniň dörän ýyllarynda @paradise agza like almakda çempionyň çempionydy. Soň soňlar başagaýlyk köpeldi öýdýän? Häzirem öňkiler ýaly bolsaňyz 1nji ýerde durarsyňyzmy?

6. Maşgala - bu näme?

7. Söýgi @paradise dilinde nähili?

8. Gyzlaryň gullugy gelin bolansoň başlanýar. Gelin maladoý, gaýyn ene dembil diýýäler. Sizde nähili ýagdaý boldy?

9. Synpdaşlar bilen häzirlerem habarlaşýaňyzmy? (Mekana gullukda gezip ýör)

10. Durmuşa ir çyksaň gowumy ýa giç? Gulaklaryny 4 edip diňläp otyran gyzlarymyza sizden nähili bellikler, nähili maslahatlar bar? Gelin bolaňsoň hökman etmeli 3 zat nämeler bolup biler?

11. Haýsy tipdäki kinolary görýärsiňiz? Goşgydan başga nämeleri halaýarsyňyz?

12. Şahsyrak soragdyram welin, Sosial ulgamlara girmegiňize giýewjigimiziň nähili garaýşy bar? Öwrenmelä agza boldumy olam?

13. Durmuşyňyz bir kino bolsa adyna nåme goýardyňyz?

14. Öwrenmeliň agzalaryna hökman aýtmaly zadyňyz barmy?

15. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?

16. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?

17. Goý, Siziň janyňyz sag bolsun.  Çagajyklarňyzyň bagtyna guwanyp, uzak ýaşamak nesip etsin. Saglykda gõrşeliň!


Agzalar siziňem @paradise agzadan gyzyklanýan soragyňyz bar bolsa, arkaýyn teswirde sorap bilersiňiz!

58
934
ylham_gurbanaly
13 Aprel 2024
@beghanym, Salam. Nesip bolsa bolar ýakynda)
ylham_gurbanaly
21 Mart 2024
@tmyigit76, köpelse köpelsin)
dmoo
21 Mart 2024
@eess, telefonyňda eýe ba bolaýmasyn😱
tanny
21 Mart 2024
Salam
yurek
20 Mart 2024
Men soraglary asakdan yokarlygyna okadym we 12 nji soraga jogap giyewjik bilenok giryanimden
namixas
20 Mart 2024
@Paradise, Arzuwynyza yetmek nesip etsin Inshallah)) sagbolun jogaplanynyz ucin
alma___
20 Mart 2024
@Serwi, injir somsa nàhili bolýar dùşùndirsene
tmyigit76
20 Mart 2024
"following" açylsa "pod edeni menem edýän" keseli dörär. Ýa-da dilegçiler köpeler
Paradise
20 Mart 2024
@gerceknazar ýok özüm yazamok. Goşgy ýada eser ýazmak hudaý tarapyň berilýän zehin dp pikir edyan. Köp adam aňsat aňsat goşgy yazyp bilmez
Paradise
20 Mart 2024
@gerceknazar, öz turkmen şahyrlarymyzdana Aýgül Garaýewa bn Kakamyrat Rejepow goşgylaryny halaýan. Edil şu günlerde özüm" little prince" (kiçijik şazada) eserini okaýan sizde sony maslahat berýän gyzykly kitap
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.