ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
23.05.2022 23:39
Ah, Kerim aga...
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
23.05.2022 02:40
Gündeligimdäki belliklerde bar eken) Daraldy, şugününem ertir. Bu ýerler garaňky, ýok tertip. Daşymdakylaryň arasyndan, tapmadym ýakyn. Aladaň bar bolsa, iç şuny gel diý. Bir ýerde duramok aýlanýan
ylham_gurbanaly
22.05.2022 00:51
Manysy dok sözler...


Awy oňan syçançy, bady gaýdan bürgüde
ýylgyran bolýar.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°

Bazardan gaýdyp öwrenen geçiniň
eýesiniň guşagyndaky gezligem gözü
ne ilmedi.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°

Ammarda ýaşaýan syçan gyşa azyk
ýygnasa geň görmäň.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°

Bilýäniň köpeldigiçe takadyň azalýar.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°

Arabaly awlanan towşanyň armanyna
ynanmasaň-da bolar.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°

Egri ösen agajy miwesinden tanap
bilýän bagbana, aperin.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°

Nyşana gelen bürgüt garganyň gagyldysyna
baş galdyrmadygyna puşman
edibem ýetişmedi.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°

Bilbil bilen bir bagda ýaşaýan garga
özüne atylan kesegi bilbili kowmak üçin atylandyr öýtdi.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°

Eşege ýüklenip getirilen ýorunjanysygra döküp, eşege ýandak atýas.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°

Irkilen çopany hemmeden öň geçi
görermiş.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°

Akmagy tanamaýanyň özi akmakdyr
welin, tanabam gaçmaýana näme baha berersiň?!



Çary KULYÝEW,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Çeşme: dostluk.ru
8
83
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
22.05.2022 00:13
Goşgydanbölek
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
21.05.2022 17:59
10-lukdan...🧘‍♂️
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
21.05.2022 06:22
Ir bilen gabat gelen ajaýyp sözler🔥
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
21.05.2022 01:53
Dogry ýoly göreý diýseň Giç bolmanka, namaz oka! Magşar güni ýeňeý diýseň Giç bolmanka, namaz oka Aýlanyp dur - Çarhypelek Toba gelgin, etme telek Bagt çagyrýarka bäş gezek Giç bolmanka, namaz oka!
ylham_gurbanaly
20.05.2022 20:23
Güniň sözi: TOP-7
(Haysysy gowy, teswirde)


Aýy dostlugyna ynanan garynja bilen
piliň gaty bir tapawudam ýok ýaly.


•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Leýlisaç dik össe beýle owadan bolmasa-da bolmazdy.

•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Gaty peslän bürgüde garga-da haý
bat atar eken.

•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Eşege düýe ýüküni urup, «Hany, indem
bir eşekligiňi et-dä, göreli» diýip güldüler.

•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Maksadyna ýeten tilki, armanly arla
ýan şiriň dişi agyrýandyr öýtdi.

•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Solan güle gonan bilbile garga-da
ses goşar eken.

•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Yzçyny aldandyryn öýden tilki, awçynyň
üstünden bardy.


Çary Kulyýew
Ceşme: dostluk.ru
8
119
ylham_gurbanaly
19.05.2022 22:35
Güniň sözi: Top-7 (2)
(Haýsysy has gowy, teswirde)


Gamşa saz etdirip bilýän bagşa sungatyň nämedigini düşündirjek bolmagyň geregi barmyka?!
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°


Jyzlanyň ömri gysga bolsa-da, ol
ýazda ýaşaýandygy üçin ömründen razy bolmaga çemeli.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°


Ejesi uran çaganyň: «Eje» diýip aglamasy durmuşyň iň gowy filosofiýasyny özünde jemleýär.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°


Pişigiň doklugyny syçana ynandyryp
bolmaz.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°


Daşynda tor gurulýan siňek: «Düşdüş daşymdan pyrlanýar» diýip, monça bolup otyr.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°


Ak kebelegiň ganatlaryndaky gara
tegmili görüp, siňek: «Wah, görgüli, garaljak bolup garalybam bilmändirdä» diýip wyzzyldapdyr.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°


Şärikli şamlyk şagallaryň ogurlygynyň
üstüni açdy.


Çary Kulyýew
Çeşme: Dostluk.ru
10
184
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
19.05.2022 16:17
Gülden görkli, hem aý ýüzlim Kalby tämiz, humaý gözlim Käte aýan, käte gizlin Şugün meni söýseň bolýar Düşün, bile hoşdugyma Sensiz göwre boşdugyna Çydap ara daşlygyna Şugün meni söýseň bolýar