Güniň sözi: Top-7 (2)
(Haýsysy has gowy, teswirde)
Gamşa saz etdirip bilýän bagşa sungatyň nämedigini düşündirjek bolmagyň geregi barmyka?!
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Jyzlanyň ömri gysga bolsa-da, ol
ýazda ýaşaýandygy üçin ömründen razy bolmaga çemeli.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Ejesi uran çaganyň: «Eje» diýip aglamasy durmuşyň iň gowy filosofiýasyny özünde jemleýär.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Pişigiň doklugyny syçana ynandyryp
bolmaz.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Daşynda tor gurulýan siňek: «Düşdüş daşymdan pyrlanýar» diýip, monça bolup otyr.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Ak kebelegiň ganatlaryndaky gara
tegmili görüp, siňek: «Wah, görgüli, garaljak bolup garalybam bilmändirdä» diýip wyzzyldapdyr.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Şärikli şamlyk şagallaryň ogurlygynyň
üstüni açdy.
Çary Kulyýew
Çeşme: Dostluk.ru