ylham_gurbanaly
04.08.2023 11:34

MEN GARAŞDYM



Men garaşdym.

Gelmejegiňi bilip garaşdym.

Gelibilmejegiňi bilip garaşdym.

Kalbymy dilip garaşdym.

Indi gelmez o diýseler-de,

ýüregmi bölüp garaşdym.

Günde müň ölüp garaşdym.

Ölen wagtym geläýmesin diýip,

müň direlip garaşdym.

Jellat duýgularym içre

milliard gynalyp garaşdym.

Gögüň gara ýagmyrlarynyň astynda

ýüzüm duw-ak,

ýüregim garasuw,

ellem gara-ört,

aýaklam gus-gury

bolup garaşdym.

Elipdim

dal bolup garaşdym.

Tebipdim

bihal bolup garaşdym.

Asmandym

garaýer bolup garaşdym.

Titidim

garader... bolup garaşdym...


"Şular-a gezendedir" diýip

Ýellerden soradym,

Suwlardan soradym,

"Gelmez" diýdiler.

Takdyry üýtgetjek boldum,

Bozjak boldum maňlaýyma ýazlany.

Emma men bozguç däl ekenim.

Bozubilmejek ekenim.

Ýöne garaşybiljek ekenim,

Şon-a başarjak ekenim...


... men garaşdym...


...sebäbi...



Suraý Babanyýazowa

23
121
ylham_gurbanaly
02.08.2023 22:45

Men indi gidýärin.

Ymykly gidýän,

Ýolumy saklamaz böwediň birem


Sapa Hommadow


*****

Men indi gidýärin.

Ymykly gidýän,

Saklap bilmez duýgularyň birisäm

Gidenimden ölýän bolsa, goý ölsin!

Hassa ýatan arzuwlarmyň dirisäm


Men indi gidýärin.

Ymykly gidýän,

Ýalan gurşan dünýäňi-de terkedip

Onsuzam irdim men. (degnama degdi)

Boşdan-boşa umytlary tirkedip


Men indi gidýärin.

Ymykly gidýän,

Saklama sen, saklama sen birjigem

Saňa bolan päkliklermiň barysy,

Päk söýgümem,

mundan beýläk kirjiger


Men indi gidýärin.

Ymykly gidýän,

Seniň üçin gül ömrümi öçürmen

Zibilhana atjak düýnki söýgünem,

Peýda bolmaz indi köne-küşülden



Ylham GURBANALYÝEW

2022

20
97
ylham_gurbanaly
02.08.2023 16:42

Ses bolsa-da dünýäsinde aýylganç,

Özüne-de eşdilmedi aýdany.

Dillerni duruzyp ömür sagadyň,

80 diňläp bir diňlenjek aýdymy

Özbaşyna başagaýdy, gümrady

Dünýä oňa märekesi lallaryň.

Guşlar bolsa höwürdeşdi, hemrady

Ýapragny sananda her gün baglaryň.

Daglaram gün-günden kiçelýän ýaly,

Onuň üçin derýalaram ters akan.

Aýna bakmagy-da düýbünden goýdy,

"Däli diýýär" aýnadaky her sapar.


Özüne bal nesip etmeýän aryň

ykbaly özünkä etse-de çalym.

Gülen suratyna aglap käteler,

Geljegini ýatlaýady birsalym.


Bagt arzuwyn aldy - hoşlaşyk güni.

Käşge, arzuw söze alynýan bolsa...

Ol şeýle bagtlydy,

Bagtlydy mydam.

Eger, şeýdip bagtly bolunýan bolsa...



Ylham GURBANALYÝEW

02.08.23

29
65
ylham_gurbanaly
31.07.2023 11:02

Ýüregimde okalmadyk adyň bar,

Aýtjaklarmam kitap ýaly jemlenen.

Göreçlerimde ah-u-perýadym bar,

Okap bilmez, senden özge çem gelen.


Gözleň maňa penjiredi - bu dünýä,

Durmuşy, dünýäni gözellik saýdym.

Arşa perwaz etdimmikäm bidin ýa?!

Müdümi uçjakdym,

ýelek deý gaýdym.


Ýyllar hoşlaşygy gezer ýatladyp,

Synlanymda perwazyny durnalaň.

Şonda hiç kim bilmez meni şat edip,

Peýdasyz - geçmişe gatnap durmalam.


Gussa ekler her şygryma, her ýere

Gözýaş damar yşgymyza bulutdan.

Göçmesek-de ikimizem del ýere,

"Bizi" asla tapmarys biz - bu ýurtdan


Aýralyk...

Ýolumyz gutarmaz emma,

Ýollar bolar, çöller bolar, düz bolar.

Barybir "bagt" sözi ederis hemra,

Tapawut - sende "ly", mende "syz" bolar.



Ylham GURBANALYÝEW

2022

25
77
ylham_gurbanaly
30.07.2023 20:06

Men — sary ýaprak.

Gaýbana şemalam aparar meni.

Ýekeje tolgunma...

Ýekeje şatlyk...

Baldagymdan üzüp, goparar meni.


Men — sary ýaprak.

Men topragy söýýän,

Topragam meni.

Aslym — toprak, öýüm —toprak.

Meniň üçin ölüm — toprak

Hem başym hem soňum — toprak.


Men — sary ýaprak —

Düşnüksizje duýguly,

Yşkdan urguly,

Ýatladýan gaýgyňy,

Paşmadyk söýgiňi.


Men — sary ýaprak.

Aslynda men bagtly —

Siňýän topraga,

Diňýän birsellem.

Soňra dogýan täzeden.

Yrza hemmeden.

Ýöne... ünji dur bir senden.

Bir senden...



✏Laçyn BAZAROWA

24
82
ylham_gurbanaly
30.07.2023 17:36

Gezip ýörüs bir- bir imiz ýat saýyp,

Ýöne ökünmändim men seni söýüp,

Her ýyl bahar geler begresin geýnip,

Bägüller duşuşar, biz duşuşmarys.


Ýyllar geçer ýüwrük ýelkenler bilen,

Elim ýetmez saçyň tolkunlaryna.

Tolkunlaryn goşup tolkunlaryna,

Derýalar duşuşar, biz duşuşmarys.


Bu gün maňa gara göründi Aýam,

Bilýän, ýaşlyk uçar ganatyn ýaýyp,

Alysda bir ýerde , asmanda gaýyp,

Arzuwlar duşuşar biz duşuşmarys.


Çyn aşyk däl söýenine ökünen,

Bu derdi seň bilen kimler  çekişer ?!

Agşamara Gün Ýer bilen öpüşer-

Älemler duşuşar, biz duşuşmarys.



Döwlet Orazsähedow

22
82
ylham_gurbanaly
28.07.2023 09:00

Arman adam kepderi däl-de...

30
83
ylham_gurbanaly
26.07.2023 01:11

Nobatguly Rejebow

29
57
ylham_gurbanaly
25.07.2023 20:21

Mukam Muhamow

30
71
ylham_gurbanaly
24.07.2023 11:40

Aradaşlyk...

58
210