MEN GARAŞDYM
Men garaşdym.
Gelmejegiňi bilip garaşdym.
Gelibilmejegiňi bilip garaşdym.
Kalbymy dilip garaşdym.
Indi gelmez o diýseler-de,
ýüregmi bölüp garaşdym.
Günde müň ölüp garaşdym.
Ölen wagtym geläýmesin diýip,
müň direlip garaşdym.
Jellat duýgularym içre
milliard gynalyp garaşdym.
Gögüň gara ýagmyrlarynyň astynda
ýüzüm duw-ak,
ýüregim garasuw,
ellem gara-ört,
aýaklam gus-gury
bolup garaşdym.
Elipdim
dal bolup garaşdym.
Tebipdim
bihal bolup garaşdym.
Asmandym
garaýer bolup garaşdym.
Titidim
garader... bolup garaşdym...
"Şular-a gezendedir" diýip
Ýellerden soradym,
Suwlardan soradym,
"Gelmez" diýdiler.
Takdyry üýtgetjek boldum,
Bozjak boldum maňlaýyma ýazlany.
Emma men bozguç däl ekenim.
Bozubilmejek ekenim.
Ýöne garaşybiljek ekenim,
Şon-a başarjak ekenim...
... men garaşdym...
...sebäbi...
Suraý Babanyýazowa