Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Ýolumy saklamaz böwediň birem
Sapa Hommadow
*****
Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Saklap bilmez duýgularyň birisäm
Gidenimden ölýän bolsa, goý ölsin!
Hassa ýatan arzuwlarmyň dirisäm
Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Ýalan gurşan dünýäňi-de terkedip
Onsuzam irdim men. (degnama degdi)
Boşdan-boşa umytlary tirkedip
Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Saklama sen, saklama sen birjigem
Saňa bolan päkliklermiň barysy,
Päk söýgümem,
mundan beýläk kirjiger
Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Seniň üçin gül ömrümi öçürmen
Zibilhana atjak düýnki söýgünem,
Peýda bolmaz indi köne-küşülden
Ylham GURBANALYÝEW
2022