ylham_gurbanaly
12.08.2023 14:01

Sen elewreýäň, hars urýaň çar ýana,

Bagtyň asyl manysyna düşünmän.

Janym sagat, demim rahat alýan-a,

Men bagt diýlende şoňa düşünýän.


Gezip ýör gör niçe, baýlyga gyzyp,

Nebsine haý diýmän, serhetden ozup,

Hanha otyr ejem-kakam çaý süzüp,

Men bagt diýlende şoňa düşünýän.


Saklap bilsem abraýymy, şanymy,

Ilim üçin gaýgyrmasam barymy,

Ýoldaş etsem ömür söýen ýarymy,

Men bagt diýlende şoňa düşünýän.


Belli dälem entek näçe görjegim,

Perzent görsem.

Görsem ilki ýörjenin.

Nesip etse görmeklige geljegin,

Men bagt diýlende şoňa düşünýän.


Tiz islemen, bolubersin az-azdan,

Name bolsa bolubersin saz-sazdan,

Köp bagtym bar eken, barmak sanardan,

Men bagt diýlende şoňa düşünýän.



Ylham GURBANALYÝEW

76
390
ylham_gurbanaly
10.08.2023 11:22

.....durmuşyň birden-kä şeýle bir üýtgeýän eken. Hat-da ukyňam senden gaçýa. Güniň köpi bilen dört sagady ýa-da 1-2 sagat uka berilýansiňem welin şolam köp ýaly. Muň sebäbi bolsa ötegçi yşkyň netijesidir. Ol seň öňler durmuşyňy, düýşleňi bezeýädi. A indi bolsa ol ýat ýerlerde, ýat gujakda täze bir durmuşyň bosagasynda dur. Belki, ol muňa begenýä, saýlap alan ugrunyň haklygyna ynanýa. Emma sen näme işleýäň?! Otyrsyň bir çetde bar aladany, bar gaýgyny öz üstüňe çekip. Käte, köne suratlara seredip ökünen bolýaň, aglan bolýaň...käte-de däli ýaly ýylgyryp otyrsyň. Aslynda welin nähili duýgulaň başyňdan geçýänini bolsa bileňok. Bar zat düşnüksiz. Ol geldi, ýaşady soňam aýyň gelerine garaşan gün kimin gözden gaýyp boldy. Ol gitdi emma oň yzasy entägem dur. Täze gelen aýda, bir-birinden gözelligini görkezjek bolýan ýyldyzlarda onuň öwüşgini welin bar. Ine şo zatlar hem ony ýadyňa salýa. Unudaýyn diýýäň, bolonok...yzyndan baraýyn diýseň olam bolonok. Çünki, ol eýýäm gitdi. Giden zady welin yzyna gaýtaryp bolarmy, eýsem?! Elbetde bolmaýa. Bolaýan ýagdaýynda hem öňkilik bolmaz. Çünki, ol gün eýýäm gutardy. Muny boýun almaklyk gerek....ýöne, boýun alyp soňam beýle oturmak gelişermi?! Gelişmez!! Ýaşamak gerek. Çünki, bu Hakyň saňa ýazan ýazgydy. Emma, ondan lezzet alyp ýaşap bolýara ahyryn. Eýsem, tüm garaňky gije erbetmi?! Belki, bu ertirki geljek täze güni has-da ýagty eder?! Könesi gitdimi? Diýmek täzesi hökman geler. Bu durmuş kanuny. Ol kanuny nähili ulanmaklyk bolsa özümize bagly. Ýat, dynjyňy al we ertirki täze geljek gün üçin güýjiňi topla. Belki, ol gün iň uzak we soňky gün bolar. Ony ýadawlykda, gaýgy alada bilen geçirmek islemersiňä?! Ömür ýolunyň nähili başlanmagy we nähili soňlanmagy bu biziň özümize bagly. Gelip geçýänlere däl....Unut we ýaşajak bol!!

30
139
ylham_gurbanaly
10.08.2023 07:43

Wirtual ýüzler

Ýasama sözler

Gürletseň Konfusiý,

Bilýäni harplyk

Million galplyk

Barsy samsyklyk

"Ha-ha-haý" "Wa-ha-haý"

Wagtlaýyn keýp.

Olam diýýär:

Senem şeýt.

Ýaşlyk barka

Bilenok kaka.

Bilenok eje.

Diňe güýmenje

Göwnühoşluk

Öňkini ýapdym.

Täzesin tapdym

Suratyn gördüm

Ynanaý, "söýdüm"

Soňra tanyşlyk

Iki gün geçdi...

Tagamy gaçdy

Sözler azaşdy.

Gutardy duýgy.

Diýdiler: "Ýok eken hakyky söýgi"


- Näme üçin beýdýäň?

- Edenimi edýän. Biziňki döwür.

- Toba diý, jahyl! Aňyrda-da bar ahyr, ömür...

- Gapylsan-aý şahyr! Galamyň gemir...



Ylham GURBANALYÝEW

33
123
ylham_gurbanaly
07.08.2023 23:52

Adatydy atýan daňlar,

Adatydy ötýän günler,

Üýtgeşigem däldim öňler,

Saňa duşmazdan ozal...


Dönüp döwük bir penjirä

Ýatyrdy kalbym ýeljiräp.

Açmady güllem gunçalap,

Saňa duşmazdan ozal...


Duýmandyryn hiç, çep ýanym,

Urgusy bagta çekýänin.

Görmändir köp zat ykbalym,

Saňa duşmazdan ozal...


Gussalar gelip çakanda,

Yzalar ömri ýakanda,

Ýok ýalydym men jahanda,

Saňa duşmazdan ozal...



Ylham GURBANALYÝEW

26
59
ylham_gurbanaly
07.08.2023 19:43

Geçdigiçe geň göremok,

Adamlaryň haýrany kän.

Tagam dadyp ýalanlardan,

Sakgyç edip çeýnäni kän.


Gury ýerden iş bitenok,

Hantamadyr kömek eden.

Bir gün meni taşlar diýip,

Gorkup ýörün kölegeden.


Kelleleriň poslany hiç,

Batgalykda düşünjeler.

Iki juwan gürrüňinde,

Üç müň sözde müň ejeler.


Gülkinç görnen haýranlarma,

Durmuş meni iterip ýör.

G:aljak bolup, çöp göwrede,

Daýawlary göterip ýör.


"Söýdüm" diýlen "nobatçy söz",

Bu günki gün afişada.

Mollasypat, "akyl öýi" -

Içi heňlän hapysa-da.


Kiçi dilden "tüweleme" bar,

Görüplik bar ençe kalpda.

Ynam indi gözlenip ýör,

"Ynam" atly dörtje harpdan.


Bolmajaklaram bolup dur,

Tapawut ýok ertekiden.

Garny doklaň, gözleri aç

Kanagat ýok bir, ikiden.


Aýdylana geň görmäňem,

Aýdylmadyk zatlar köpdür...

Hakykaty aýtmasaň bor,

Senden gowy adam ýokdur...



Ylham GURBANALYÝEW

33
82
ylham_gurbanaly
07.08.2023 17:21

Soraň, ony mana etjek,

Haram bolsun käne ýetjek,

Kyna galyp näme etjek?

Her kim ýeňlin tapan boldy.


Boýun bolduň täze pişä,

Aldanma ol melgun iş-ä,

Gark bolansoň iki çüýşä,

Bar derdini ýapan boldy.


Namyssyz öň beren teni,

Galmady hiç onuň geňi,

(Halk hyzmatda gezen lebi)

Gelin edip öpen boldy.


Kä öňe, kä yza bakýan,

Bolýan döwre içim ýakýan,

Çopandy öň goýny bakýan,

Indi goýun çopan boldy.


Bilmen kaýda goýduk hata,

Wyždan barýar barha gatap,

Görüplikden içi tütäp,

Ýaş nahaly çapan boldy.


Ene-ata sözi perman,

Gezmekçi däl, geljek arman,

Öz pyntygnyň göwnin bilmän,

Del agaja sapan boldy.


Köp geýmekçi çala geýmän,

Köp iýmekçi çala iýmän,

Halal-haram ýerni duýman,

Öz nebsinden gopan boldy.


Pikirler apat böwürde,

Galmady takat sabyrda,

Adalat diňe gabyrda,

Hemmä-de deň kepen boldy.



Ylham GURBANALYÝEW

2021

28
76
ylham_gurbanaly
07.08.2023 00:27

Saçlaryňy yşk sepeläp öreýin,

Lebleriňi soraýyn men süýjedip.

Gujagyňa ýylan ýaly gireýin,

Hyjuwymy, hyjuwyňy güýjedip.


Sypalaýyn, sermeläýin sagryňy,

Goý, titräýin lezzetine döz gelmän.

Günä... sogap... Gören barmy aňryny?!

(Şu bolşumdan üýtgejegme söz bermen!)


Çilşireýin barmagyňy barmagma,

Döşümi döşüňe jüp edeýin-de!

Jogap bermän hyýalyma, çermegme,

Goýnuňda lezzetden ölüp galaýyn,

Uzyn saçlaryňy ýüp edeýin-de...



✏Sapa HOMMADOW

22
100
ylham_gurbanaly
06.08.2023 02:32

Dünýäm gurşap aldy gamly dumanlyk,

Gelermikä indi giden şatlygam?

Kime gerek beýle nepsiz juwanlyk?

Kime gerek beýle düňle ýaşlygam?


Unudulyp galdym duman düýbünde,

Tozan basdym,

emma kalbym kireňsiz.

Geljek diýe ýaşap ýörün düýnümde,

Girewli ömri hasaplap men girewsiz.


Asla haraý islamogam hiç kimden,

Her kimiňem öz gaýgysy ýetikdir.

Myhmanyňky diýilýädi üç günden,

Aýralykdan ençe hepde ötüpdir.


Münejjimler ýylylygy söz berdi,

Wagtyndan öň, aýaz boldy howalar.

Gözmonjukly söýgümize göz degdi,

Nirde yrym-ýorum, nirde dogalar?!


Näme bolsa, ýene bolsun şonçarak,

Ykbal seni ýigrenç gözde görmesin.

Söýgi bilen bir enaýy gunçalap,

Ömür sährasynda bagtyň güllesin!



Ylham GURBANALYÝEW

2022

25
72
ylham_gurbanaly
05.08.2023 12:54

Nirden duşduň ykbala

Gazak gözlije gözel.

Kararym ýok tapmana,

Gazak gözlije gözel.


Senden gözelin tapmyş?!

Ömri ýansyn! (Al kakmyş!)

Öňem ýok, soňam ýo:kmyş

Gazak gözlije gözel.


Diýse diýilsin süzük,

Geplere çyzgyn çyzyk

Ýaşa sen, gülläp gezip,

Gazak gözlije gözel.


Bagtly gül - bagtyň ýaryn

goýup git!

Alma baryn.

Kim bolar ömür ýaryň?

Gazak gözlije gözel.


Ylham GURBANALYÝEW

2023.05

34
356
ylham_gurbanaly
04.08.2023 22:12

Nobatdaky "Edebiyat agşamy"



Gelerin, gõrerin diýseňiz!

27
136