Sen elewreýäň, hars urýaň çar ýana,
Bagtyň asyl manysyna düşünmän.
Janym sagat, demim rahat alýan-a,
Men bagt diýlende şoňa düşünýän.
Gezip ýör gör niçe, baýlyga gyzyp,
Nebsine haý diýmän, serhetden ozup,
Hanha otyr ejem-kakam çaý süzüp,
Men bagt diýlende şoňa düşünýän.
Saklap bilsem abraýymy, şanymy,
Ilim üçin gaýgyrmasam barymy,
Ýoldaş etsem ömür söýen ýarymy,
Men bagt diýlende şoňa düşünýän.
Belli dälem entek näçe görjegim,
Perzent görsem.
Görsem ilki ýörjenin.
Nesip etse görmeklige geljegin,
Men bagt diýlende şoňa düşünýän.
Tiz islemen, bolubersin az-azdan,
Name bolsa bolubersin saz-sazdan,
Köp bagtym bar eken, barmak sanardan,
Men bagt diýlende şoňa düşünýän.
Ylham GURBANALYÝEW