ylham_gurbanaly
10.08.2023 07:43

Wirtual ýüzler

Ýasama sözler

Gürletseň Konfusiý,

Bilýäni harplyk

Million galplyk

Barsy samsyklyk

"Ha-ha-haý" "Wa-ha-haý"

Wagtlaýyn keýp.

Olam diýýär:

Senem şeýt.

Ýaşlyk barka

Bilenok kaka.

Bilenok eje.

Diňe güýmenje

Göwnühoşluk

Öňkini ýapdym.

Täzesin tapdym

Suratyn gördüm

Ynanaý, "söýdüm"

Soňra tanyşlyk

Iki gün geçdi...

Tagamy gaçdy

Sözler azaşdy.

Gutardy duýgy.

Diýdiler: "Ýok eken hakyky söýgi"


- Näme üçin beýdýäň?

- Edenimi edýän. Biziňki döwür.

- Toba diý, jahyl! Aňyrda-da bar ahyr, ömür...

- Gapylsan-aý şahyr! Galamyň gemir...



Ylham GURBANALYÝEW

33
123
guli_
11 Awgust 2023
Tuweleme👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏soz yok oran haladym.....👏👏👏👏👏👏
ylham_gurbanaly
10 Awgust 2023
@gulshatayewa97, repçi bolaýsammy ýa)))
wolf
10 Awgust 2023
Hakykay yone 😅
gulshatayewa97
10 Awgust 2023
Rep etse boljak
gurbanowa
10 Awgust 2023
👍🏻
okayjy
10 Awgust 2023
Gürletseñ Konfisiý,
Bilýäni harplyk... 👍
( Özim üçin belläp goýaýyn şuny )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.