Bir adam dälihana baryp, dälileri synlap duruberýär.
Bularyň haýsysyny görse, maýyp-müjürip eken. Ol adam
dälileriň birinden:
— Näme üçin siziň hemmäňiz diýen ýaly maýyp-müjürip? - diýip soraýar. Onda dälileriň biri:
— Biz alma bişdi oýnaýarys- diýen. Sag adam ýene
däliden:
— O nähili oýun- diýip sorapdyr.
— Biz saňa görkezäýäris- diýip, ýaňky däli beýleki
dälilere ýüzlenipdir:
— Hemmäňiz ýeriňize geçiň.
Ol şeýle diýenden, dälileriň hemmesi agaçlara
dyrmaşypdyr. Başky däli:
— Pylanyýew, sen bişdiň- diýip, dälileriň atlaryny tutup
başlapdyr. Dälilerem bir-birden patlap, ýere gaçyp başlaýarlar.
Sag adam bularyň oýnuny görüp, sesini çykarman gidiberipdir.