Şol gün işden çykanymda öýlänçi geldide, dünýäni suw sil etdi. Üsti başym mazaly ezilipdi. Öýe girenimden doganlarym: "Saýawanyňy ýadyňdan çykarmaly däl ekeniň" diýip igendiler. Garry enem we atam hem olaryň hörpünden gopdy: "Ýagyş diňýänçä garaşyp, soňra ýola çykaýmaly ekeniň" diýdiler. Kakamam öz gezeginde "Ýagşa ezilip, dümewlärsiň welin, bu bolşuň ýaramazdygyna şonda düşünip galarsyň" diýdi. Şol wagt ejem ýanyma geldi we suwy sarkyp duran saçlarymy sypalap "Oglum öýe gelýänçä ýagyş birazyrak garaşaýmaly dälmi?" diýdi. Ine ene ýüregi şeýle bolýar.