yazys
14.09.2023 11:15

Günleriň birinde haýwanlaryň şasy ýolbars hassa bolýar. Möjek ýolbarsyň ýanynda bolup, oňa hyzmat edýär. Bir gün möjek ýolbarsa: "Eý haýwanlaryň şasy, sizi görmäge tokaýyň ähli haýwanlary geldi welin tilki gelmedi?" diýýär. Ýolbars möjege "Eger tilki gelse maňa habar et" diýýär. Tilki şagaldan möjek bilen ýolbarsyň arasynda bolan gürrüňi eşidip, ýolbarsyň halyny soramaga barýar. Ýolbars tilkini görüp "Ýeri tilki, meniň hassa ýatanymy eşidip ähli haýwanlar geldi welin sen gelmediňle?" diýýär. Tilki "Eý haýwanlaryň şasy, men seniň hassa bolanyňy eşdenimden, derdiňe derman gözläp lukman goýman aýlandym" diýýär. Ýolbars "Lukmanlar näme diýdi onsoň" diýende, tilki "Ýolbars eger möjegiň çep injiginiň süňkiniň ýiligini sorsa, onuň derdi el bilen aýrylan ýaly bolar" diýdiler. diýen badyna ýolbars möjege topulýar. Tilki ýolbarsyň ýanyndan çykyp gaýdýar we ýoluň ugrunda duruberýär. Az wagtdan soňra möjek aýagynyň ganyny sarkdyryp tilkiň ýanyna gelýär. Tilki oňa "Eý möjek dost, indiki gezek diliňi saklamasaň, seniň beýniň ýolbarsyň derdine em bolar" diýýär.

18
149
wolf
14 Sentýabr 2023
Ýolbarsam gadyr bilmezaý, hassa halyña seredip duran möjege topulyp, tilkiñ sözüne ynanyp 😒
maya_ene
14 Sentýabr 2023
😕
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.