yanabayeva
26.11.2023 09:54
Hawa, erteki däl saňa ýaşaýyş,
Her islegiň, her bir işiň paşmaýar.
Ýazda ýaýnaýansyň, emma welin gyş,
Ine, seniň üçin durmuş başlaýar.

Çagakaň süýjidir bar zat dadaňda,
Ýöne şatlyk baky däldir adamda,
Ululyga sähel ädim ädeňde,
Ine, seniň üçin durmuş başlaýar.

Ähli zat aňsatdyr daşdan garaňda,
Müň kynçylyk dörär öňden ýöräňde,
Dostsuz galyp, başyň ýeke çaraňda,
Ine, seniň üçin durmuş başlaýar.

Ýalançy käteler göwne degende,
Her işiňe il-gün baha berende,
Basym adyň-"eje, kaka" bolanda,
Ine, seniň üçin durmuş başlaýar.

Dünýä ahyr akyl ýetireniňde,
Gitmesi bar dünýä getireniň-de,
Şol eziz ynsany ýitireniňde,
Ine, seniň üçin durmuş başlaýar.
40
29
yanabayeva
25.11.2023 07:18
Kaka älemdir, kaka ojakdyr, göwni gök asman ýalydyr. Käwagt gürlär (gaharlanar), käwagt ýalpyldar(söýer), käwagt gaşlary çytyk bolsa-da ýüregi seniň üçin uran ýürekdir. Kaka gapydyr; kynçylyk çekeniňizde ýüz tutup biljek bosagaňyzdyr. Şatlygyňyzy paýlaşmak isläniňizde ilkinjileriň biridir. Gözýaşyňyzy egnine akdyryp, rahatlyk bilen kelläňizi dyzlaryna goýup boljak ýerdir.
Kaka kömekdir, ilkinji söýgidir.
40
35
yanabayeva
23.11.2023 18:45
Bir dana adamdan:
Näme üçin size ýamanlyk eden adamlardan ar alaňyzok. Dana adam:
-It gelip meni dişlese, menem iti dişlemelimi?


Eger göriplik edýän bolsalar sen olardan beýiksiň!
Hiç kim özi ýaly deňlere ýamanlyk etjek bolup, ýüregini agyrdanok.
Heý-de, gury şaha gurçuk münermi?
38
108
yanabayeva
22.11.2023 12:01

Gije örän uzalypdyr,

Ýetmedim teý daňa eje.

Bu günki gören düýşümi,

Aýdyp bilmen saňa eje.


Küýsäp seň gyzgyn mähriňi,

Ýatypdyryn golaý peje.

Ýanyp duran oduň howry,

Ýylatmady sen deý eje.


Aýan boldy gören düýşüm,

Sorag berdiň sen ýekeje.

"Gyzym juda ejizläpsiň,

Janyň sagmy" diýdiň eje.


Bu gün seni has küýsedim,

Sessiz aglap gözýaş seçe,

Öt günämi merdem gyzyň,

Ejizledi ýene eje.


Noýbalyja burçly aşyň,

Syrkawlamda içdim nije.

Bu gün ýene şol aşyňy,

Küýsedi meň göwnüm eje.


...Duýan ýaly telefonma,

Duýdansyz jaň geldi gije.

Senden gizläp diýdim ýene,

Gaýgy etme sag men eje.


Dursun Myradowa

33
30
yanabayeva
21.11.2023 14:09
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýalňyzlygy dünýädäki adamlar üçin saglyga howp hökmünde kesgitledi. BSGG-niň Sosial gatnaşyklar boýunça iş toparynyň egindeş başlygy Çido Mpembanyň sözlerine görä, ýalňyzlygyň çägi ýok we ol saglygyň, abadançylygyň we ösüşiň ähli taraplaryna täsir edýär. Şol bir wagtyň özünde, BSGG ýalňyzlygy çilim bilen deňeşdirdi. Hatda onuň zyýany çilimiň zyýany bilen bahalandyryldy.

Görlüp oturylsa, ýalňyzlyk her gün 15 çilim çeken deý zyýanly eken. Mundan başga-da, ondan saglyga abanýan howp fiziki işjeňligiň we semizligiň ýetirýän zyýanyndanam has uly eken.
ABŞ-ly baş sanitar lukman Wiwek Murtiniň bellemegine görä, ýalňyzlyk ösen ýurtlaryň «wawwaly» meselesi hasaplanýar. Ýöne häzir islendik sebitde gartaşan her dördünji adam jemgyýetden üzňelikde ýaşaýar.
Jemgyýetçilik baglanyşyklarynyň adamlaryň saglygyna edýän täsirini öwrenmek üçin BSGG geljek üç ýyl üçin ýörite iş toparyny döretdi. Çido Kleopatra Mpemba we Wiwek Murti onuň egindeş başlyklary boldular. Iş toparyň düzümine jemi 11 syýasatçy we jemgyýetçilik işgäri girdi diýip, The Guardian belleýär.
36
119
yanabayeva
20.11.2023 02:25
15 minutdan jaň ederin diýen aýalymyň 9 ýyl bäri mazaryna gidyän. Beýtmäň söýenleriňize wagt aýynyň🥰🤏
30
82
yanabayeva
19.11.2023 13:35
yylgyrdyp bilen bolsam ♥️
47
269
yanabayeva
18.11.2023 20:15
Akita-inu tohumyna degişli bolan Hatiko 1923-nji ýylda Akita prefekturasynyň Odate şäherinde dünýä indi, 50 gün soň Tokio uniwersitetiniň professory Hidesaburo Ueno sowgat berildi. Hati eýesini işe ugradyp we işden gelende garşylap başlady. 1925-nji ýylda professor Ueno işe gitdi we gaýdyp gelmedi – ol professorlaryň mejlisinde tarpataýyn aradan çykdy. Hati eýesiniň aradan çykandygyny bilmeýärdi we günde iki gezek – irden we agşam Sibuýa demirýol menziline gelip, eýesine garaşdy. Hatiko eýesine adatça Sibuýada däl-de, uniwersitetiň golaýynda garaşýardy. Emma professor köplenç iş saparlaryna gidýärdi we bu ýagdaýlarda Sibuýa menzilinden peýdalanýardy. Hatiko Sibuýa demirýol menziline günde iki gezek, irden we agşam professor iş saparyndan gaýdyp geler diýen umyt bilen gatnap başlady. 1932-nji ýylda Hatiko hakynda gazet makalasy çap edildi. Şeýlelikde, ol uly meşhurlyk gazanyp, 2 ýyldan soň haýyr-sahawat serişdeleriniň hasabyna «Wepaly it Hatiko» ýadygärligi guruldy; Hati ýadygärligiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 1935-nji ýylda Hatiko Sibuýanyň golaýynda aradan çykdy we şol ýylda onuň hatyrasyna ýene bir ýadygärlik guruldy.
Şondan bäri Hatikonyň ýadygärligi Tokioda duşuşyk üçin iň meşhur ýerleriň birine öwrüldi. Hatikonyň doglan senesi 10-njy noýabr hasaplanýar, ýöne onuň doglan güni mynasybetli çäreleri hepdäniň ahyrynda geçirmek kararyna gelindi.
38
61
yanabayeva
17.11.2023 09:20

Soragyň jogaby näme?

32
200
yanabayeva
16.11.2023 15:08

birazajyk gülki

36
248