yanabayeva
26.11.2023 09:54
Hawa, erteki däl saňa ýaşaýyş,
Her islegiň, her bir işiň paşmaýar.
Ýazda ýaýnaýansyň, emma welin gyş,
Ine, seniň üçin durmuş başlaýar.

Çagakaň süýjidir bar zat dadaňda,
Ýöne şatlyk baky däldir adamda,
Ululyga sähel ädim ädeňde,
Ine, seniň üçin durmuş başlaýar.

Ähli zat aňsatdyr daşdan garaňda,
Müň kynçylyk dörär öňden ýöräňde,
Dostsuz galyp, başyň ýeke çaraňda,
Ine, seniň üçin durmuş başlaýar.

Ýalançy käteler göwne degende,
Her işiňe il-gün baha berende,
Basym adyň-"eje, kaka" bolanda,
Ine, seniň üçin durmuş başlaýar.

Dünýä ahyr akyl ýetireniňde,
Gitmesi bar dünýä getireniň-de,
Şol eziz ynsany ýitireniňde,
Ine, seniň üçin durmuş başlaýar.
40
29
okan
26 Noýabr 2023
👏👏👏👍❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.