yanabayeva
22.11.2023 12:01

Gije örän uzalypdyr,

Ýetmedim teý daňa eje.

Bu günki gören düýşümi,

Aýdyp bilmen saňa eje.


Küýsäp seň gyzgyn mähriňi,

Ýatypdyryn golaý peje.

Ýanyp duran oduň howry,

Ýylatmady sen deý eje.


Aýan boldy gören düýşüm,

Sorag berdiň sen ýekeje.

"Gyzym juda ejizläpsiň,

Janyň sagmy" diýdiň eje.


Bu gün seni has küýsedim,

Sessiz aglap gözýaş seçe,

Öt günämi merdem gyzyň,

Ejizledi ýene eje.


Noýbalyja burçly aşyň,

Syrkawlamda içdim nije.

Bu gün ýene şol aşyňy,

Küýsedi meň göwnüm eje.


...Duýan ýaly telefonma,

Duýdansyz jaň geldi gije.

Senden gizläp diýdim ýene,

Gaýgy etme sag men eje.


Dursun Myradowa

33
30
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.