yanabayeva
22.12.2023 14:02
ABŞ-nyň ýaşaýjysy Joel Ştrasser öz sakgalynyň kömegi bilen eýýäm ençeme gezek rekord goýdy. Ol sakgalyna dürli zatlary – wilkalary, taýajyklary, turbajyklary asdy, geçen ýyl bolsa ony 710 sany roždestwo şarjagazlary bilen bezedi. Onuň täze rekordy 187 sany taýak süýjüsi bilen goýuldy.
Joel ony goýmak üçin Roždestwo baýramçylyklaryna ýörite garaşdy. Rekord üçin ujy egri gyzyl-ak karamel taýajyklaryny saýlap aldy.
Rekord eýesi öz sakgalyna indiki gezek popkorn goýmak barada pikirlenýär diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda aýdylýar.
33
76
yanabayeva
19.12.2023 16:25
Eger bir zenanyň owadanlygyna seredip toý edilýäni dogry bolsa, onda bir erkegiň puluna seredip toý edilmegi hem dogrudyr.
37
79
yanabayeva
18.12.2023 13:23
Durmuşyň bir güni
30
74
yanabayeva
18.12.2023 09:26
Karşinizkaki insan sizi hayatinda nereye koyuyorsa, siz de onu tam oraya koyun.

Ne eksik ne fazla.
34
108
yanabayeva
16.12.2023 13:58
ABŞ. Bu ýerde iň meşhur brendler Hershey, Mars ýaly brendler bolup, ähli şokoladlar ýokary hilli çig maldan öndürilýär.
Germaniýa. Bu Ýewropada iň uly şokolad öndürijileriň biridir. Hut şu ýerde Ritter Sport, Schogetten, Halloren ýaly brendleriň fabrikalary bar.
Belgiýa. Bu ýurt Neuhaus, Godiva, Leonidas ýaly markalaryň watany hasaplanýar. Ýurtda jemi 12 fabrika bolup, olar ýylda, takmynan, 170 müň tonna şokolad öndürýärler.
Fransiýa. Bu ýurduň  Michel Cluizel, Maison du Chocolat, Valrhona ýaly brendleri dünýäde meşhurlyk gazandy.
Şweýsariýa. Bu ýurtda Teuscher, Cailler, Lindt ýaly kompaniýalar şokolad öndürýär. Her ýyl Şweýsariýanyň ilaty 11,6 kg töweregi şokolad iýýär.
Italiýa. Bu ýerde Perugina, Ferrero Rocher, Venchi brendleriniň şokoladlary öndürilýär.
Ýaponiýa. Onda özboluşly tagamly şokoladlar öndürilýär. Iň meşhur ýapon brendleriniň biri-de Morinaga brendidir.
Russiýa. Bu ýurtda “Babaýewskiý”, “Alýonka” konsernleri şokolad öndürýär. Iň meşhur fabrika bolsa “Krasnyý Oktýabrdyr”.
Kanada. Bu ýurduň iň meşhur brendleriniň biri - Peace by Chocolate.
Beýik Britaniýa. Ol Cadbur ýaly brendi bilen bellidir.
36
78
yanabayeva
16.12.2023 11:26
Hiç haçan zenana ýaşyny erkege gazanjyny soramaň! Çünki zenanlar özi üçin ýaşamaz, erkekler bolsa özi üçin gazanmaz!
38
74
yanabayeva
15.12.2023 21:15
Seni söýmek maňa gymmat düşmedi,
Bir bogdak gül, bilen arzan ýüregme,
Tutuş bagtym gelip bizde düşledi,
Megerem ol ýeter indi bir ömre.

Arzan zadyň gadry bolmajak ýaly,
Welin, seniň gadryň aşdy günsaýyn.
Özüme wagt tapman ýitirdim ýoly,
Saňa gerek bolsa, gündiz, tün taýyn.

Seni söýmek maňa gymmat düşmedi,
Aýdyp öwünemok galyň bahaňy.
Ýaşaşybam ýörüs arzan durmuşda,
Dul bolan gelin kän(gymmat bahaly).

Söýgiň özem bizi söýdi megerem,
Ikime hyzmatkär ýollady bagty.
Sensiz gün geçenok eger-egerem,
Mähriňe döndümi dünýäniň wagty.

Seni söýmek maňa gymmat düşmedi,
Birtopar arzan söz, hem sözlän ýürek.
Bu meniň "barymy berdim" diýdigim,
Artykmaç zat maňa bermändir pelek.

Kerim Hally
39
48
yanabayeva
14.12.2023 10:20
Apple-iň baş direktory we miliarder Tim Kuk gününiň nädip başlaýandygyny we bu endikleriň onuň özüni duýşyna we üstünligine nähili täsir edýändigini paýlaşdy.
Kuk her gün e-poçtasyny barlaýar we müşderileriň hem-de işgärleriň hatlaryny okaýar. Bu hakykatdanam möhüm zatlara ünsi jemlemäge kömek edýär. Soňra sport zalynda bir sagatlyk türgenleşik geçýär. Türgenleşik wagtynda hiç işe, telefon söhbetdeşligine ýa-da başga zatlara ünsüni sowmaýar.
Kuk edýän işleriňize maksadaokgunly çemeleşmegiňizi maslahat berýär. Mysal üçin saglygyňyza üns berýän bolsaňyz, ünsünizi sowmazlyk üçin telefonyňyzy sumkaňyzda galdyrmaly. Sebäbi ertiriňizi nähili başlaýşyňyz günüň galan bölegine öz täsirini ýetirýär ahyry. Bu siziň ymtylýan islegiňizi we maksadyňyzy kesgitleýär.
Ol gününi kompaniýanyň önümleriniň müşderilere ýetirýän täsirini we önümleriň hasam gowlaşmagy üçin işgärleriň haýsy çözgütleri teklip edýändiklerini bilmek üçin e-poçtany okamakdan başlaýar. Kuk muny her bir lidere maslahat berýär we toparyňyz hem-de müşderileriňiz bilen aragatnaşyk saklamagyň bir usulydygyna ynanýar.
41
123
yanabayeva
13.12.2023 14:36
Hiponofobi ýatmakdan gorkma hastalygydyr. Bu adamlar ýatan wagtlary ýüreginiň durjagyny, erbet düýş görjegini ýa-da öljeklerini pikir edip köp wagtlap ýatyp bilmezler.

Hiç oýnalmasa-da dünýäde iň köp beýzbol taýajygyny satan ülke Türkiýedir.
46
176
yanabayeva
13.12.2023 08:34
Ynanýan adamyňa seresap bol!
Şeýtanam perişdedi...
43
106