Seni söýmek maňa gymmat düşmedi,
Bir bogdak gül, bilen arzan ýüregme,
Tutuş bagtym gelip bizde düşledi,
Megerem ol ýeter indi bir ömre.
Arzan zadyň gadry bolmajak ýaly,
Welin, seniň gadryň aşdy günsaýyn.
Özüme wagt tapman ýitirdim ýoly,
Saňa gerek bolsa, gündiz, tün taýyn.
Seni söýmek maňa gymmat düşmedi,
Aýdyp öwünemok galyň bahaňy.
Ýaşaşybam ýörüs arzan durmuşda,
Dul bolan gelin kän(gymmat bahaly).
Söýgiň özem bizi söýdi megerem,
Ikime hyzmatkär ýollady bagty.
Sensiz gün geçenok eger-egerem,
Mähriňe döndümi dünýäniň wagty.
Seni söýmek maňa gymmat düşmedi,
Birtopar arzan söz, hem sözlän ýürek.
Bu meniň "barymy berdim" diýdigim,
Artykmaç zat maňa bermändir pelek.
Kerim Hally