yanabayeva
14.12.2023 10:20
Apple-iň baş direktory we miliarder Tim Kuk gününiň nädip başlaýandygyny we bu endikleriň onuň özüni duýşyna we üstünligine nähili täsir edýändigini paýlaşdy.
Kuk her gün e-poçtasyny barlaýar we müşderileriň hem-de işgärleriň hatlaryny okaýar. Bu hakykatdanam möhüm zatlara ünsi jemlemäge kömek edýär. Soňra sport zalynda bir sagatlyk türgenleşik geçýär. Türgenleşik wagtynda hiç işe, telefon söhbetdeşligine ýa-da başga zatlara ünsüni sowmaýar.
Kuk edýän işleriňize maksadaokgunly çemeleşmegiňizi maslahat berýär. Mysal üçin saglygyňyza üns berýän bolsaňyz, ünsünizi sowmazlyk üçin telefonyňyzy sumkaňyzda galdyrmaly. Sebäbi ertiriňizi nähili başlaýşyňyz günüň galan bölegine öz täsirini ýetirýär ahyry. Bu siziň ymtylýan islegiňizi we maksadyňyzy kesgitleýär.
Ol gününi kompaniýanyň önümleriniň müşderilere ýetirýän täsirini we önümleriň hasam gowlaşmagy üçin işgärleriň haýsy çözgütleri teklip edýändiklerini bilmek üçin e-poçtany okamakdan başlaýar. Kuk muny her bir lidere maslahat berýär we toparyňyz hem-de müşderileriňiz bilen aragatnaşyk saklamagyň bir usulydygyna ynanýar.
41
123
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.