wise
28.09.2024 00:17
Hemmeden uzakda galmak islesem,
Azajyk kelläme dynçlyk islesem,
Ýüregmi giňedip ho:wa islesem
Iki dosdum bolar:sungat,tebigat.
@aygul_çarymyradovna
4
22
wise
27.09.2024 00:02
GARAŞSYZLYK BAGTYM
Ata-babalaryň arzuw hyýaly,
Garaşsyzlyk bu gün meniň şanymdyr.
Ene- mamalaryň dili-dogasy,
Garaşsyzlyk bu gün meniň donumdyr.

Dogan- jigilermiň şatlygy yaly,
Garaşsyzlyk bu gün begenç yaşymdyr.
Il- günümiň joşup aydyşy yaly,
Garaşsyzlyk meniň bagtdan paýymdyr.

Her bir türkmen buýsanýandyr iline,
Dilimizde senamyzdyr dostlugy,
Pyragynyň arzuwlap geçen yurdy,
Bu gün meniň garaşsyzlyk bagtymdyr.

Awtor: Aygül Seýliýewa Çarymyradowna
7
27
wise
26.09.2024 00:24
Oýunumda ýeňilen
Ilki söýüp,soňundan taşlamaz ýaly,
Oyunlar oýnadym,netiň biler ýaly,
Gürlän bolduň,hamala söýen ýaly,
Ýeňildiň sen,synagymdan geçmediň.
@aygul_seyliyewa
Söýgi ýok ekeni oýnumda bildim,
Ýa-da men, ýalňyş adama duşdum,
Allajan gorady,ýüregmi bermedim,
Ýeňildiň sen,synagymdan geçmediň.

Baýlygyma gyzdyň, oýunumda gördüm,
Durkymyda gyzdyň,gözüňde gördüm,
Söýmeýänligňi päliňde gördüm,
Ýeňildiň sen,synagymdan geçmediň.
@aygul_seyliyewa
Sa:wçy ugrat söýýänligiň çyn bolsa,
Diýdim,iň uly oýnum şo boldy,
Alla şükür aldanmadym söýgüde,
Ýeňiş meňki boldy, ýeňilen sen bolduň.

Awtory Aygül Seýliýewa Çarymyradowna
6
60
wise
25.09.2024 19:29
Paýyş sözler
Hemmämizem bir türkmeniň ganyndan,
Ganymyza haramlygy goşmalyň,
Şek ýetirip enäň,mukaddesligne,
Paýyş sözleri biz,aýdyp ýaýratmalyň.

Allaň kereminden doýduňyzmy ýa?!
Dil berilmedimi,hoş söz üçin ýa?!
Bolduňyzmy iblislere tabyn ýa?!
Paýyş sözleri biz,aýdyp ýaýratmalyň.

Diliň zynasydyr ol haram sözler,
Kyýamat getirer ol zyna işler,
Gynanýan men,bu halla musulmanlar,
Paýyş sözleri biz, aýdyp ýaýratmalyň.

Awtor:Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
10
69
wise
24.09.2024 20:58
Sowgat uly bolsun,ýa kiçi bolsun,
Parh etmez esasy ýürekden bersin,
Güler ýüzi bersin,hoş sözi bersin,
Iň ajaýyp sowgat ana şo bolsun.
@Aygul_Seyliyewa
8
24
wise
23.09.2024 23:27
Bereketmi suw sil bolan ýagyşlar,
Ýa günäli ynsanlaryň tobasy.
Garyşýandyr arasynda pikirler,
Eden etmişleriň uly tobasy.
@aygul_seyliyeva
7
28
wise
21.09.2024 20:23
Alaçsyz ýitgi
Ölüm ýykar adamzady diýleni,
Hak ekeni munda dadamsoň gördüm,
Çarhypelek aýlanyp dur elmydam,
Ölüm her kimede alaçsyz ýitgi.
@aygul_seyliyeva
Wagtynda gitmeli çäre ýok munda,
Iň çäresiz aýralyklar bar munda,
Wagt garaşanok,doýma ýok munda,
Ölmäkäň adamy gynamak ýitgi.

Kimi ýaş, kim bolsa garry çagynda,
Gitmeli bakylyk,soňsuz ýoluna,
Kimleri baý bolsa kimleri garyp,
Parh etmez puluňam, çäresiz ýitgä.
@aygul_seyliyeva
Estetik diýilen adalgada bar,
Döwür ösýär garrylyga çäre bar,
Kesellere şypalardyr emler bar,
Barysy peýdasyz ölümli ýitgä.

Awtor:Aygül Çarymyradowna Seýliýewa
11
67
wise
27.06.2024 10:29
Gyz perzendiň aşygy
Bu dünýeden boş gidesim gelenok,
Perzent duýgusyny dadasym gelýär,
Kalbymda bägüller açylaýanok,
Allahym gyz perzent,ýa nesip eýle.
@aýgül_seýliýewa
Söýen gülüme "dünýäm",diýip seslenýän,
Gyz perzende aşyk bolanym üçin,
Perzent bagş edseň men garyp gula,
Adynada "Dünýä "dakasym gelýär.

Dünýä:m diýenimde,bile ylgasyn,
Gujagymdan mähri deň alar ýaly,
Näçe ýyllar bäri şuny arzuwlan,
Kaka sözün eşitmek,ýa nesip eýle.
@aýgül_seýliýewa
Gyz perzent diýilýär şirin mukamly,
Kakany jennetde ýaşadar baky,
Bolsa namys-ary,uly abraýly,
Gyz perzendim bolsa mendirn bagtly.

Awtor Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
Link:Seyliyeva Aygul 🖋️ 📚 🇹🇲


haýyş esasynda ýazdym
10
18
wise
08.06.2024 20:54
A🌼Aý ýeketäk gije saçýar nuruny,
Ý🌼Ýyldyzlardan saýlanypdur enaýy.
G🌼Güller reňkli, sen sadadan göz aljy,
Ü🌼Ülkede ýeketäk,hemmäň arzuwy,
L🌼Lälijek şol gyzyň ýazdym waspyny.

@Aygul_Seyliyewa
12
52
wise
02.06.2024 20:27
ESGERIM
Mertdir merdan ýigitlere buýsanýas,
Senem biri şol mertleriň merdisiň.
Alla söýýär,watan söýýär,biz söýýäs,
Söýgüň güýji bilen ýaşar esgerim.
@aýgül_seýliýewa
Söý hem söýül durmuş iki berlenok,
Gören tanyşa gullukdaşam diýlenok,
Diýilýäkäň gullukdaşym,begengin,
Maýyplarda arzuw, şol söz esgerim.
@aýgül_seýliýewa
Kurany Kerimde agzalyp geçýär,
Watan üçin jiger janyňdan geçgin,
Janyn beren şehit diýip a:t alýar,
Taňry söýer nesip sizi esgerim.
@aýgül_seýliýewa
Gije gündiz diýmän watany gorap,
Begendirdiň bütün halky esgerim.
Borjyňy sag-aman ýerine ýetirip,
Gowuşýarsyň söýenleriňe esgerim.

Awtor:Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
Link: Seyliyeva Aygul 🖋️📚🇹🇲
7
23