wise
27.06.2024 10:29
Gyz perzendiň aşygy
Bu dünýeden boş gidesim gelenok,
Perzent duýgusyny dadasym gelýär,
Kalbymda bägüller açylaýanok,
Allahym gyz perzent,ýa nesip eýle.
@aýgül_seýliýewa
Söýen gülüme "dünýäm",diýip seslenýän,
Gyz perzende aşyk bolanym üçin,
Perzent bagş edseň men garyp gula,
Adynada "Dünýä "dakasym gelýär.

Dünýä:m diýenimde,bile ylgasyn,
Gujagymdan mähri deň alar ýaly,
Näçe ýyllar bäri şuny arzuwlan,
Kaka sözün eşitmek,ýa nesip eýle.
@aýgül_seýliýewa
Gyz perzent diýilýär şirin mukamly,
Kakany jennetde ýaşadar baky,
Bolsa namys-ary,uly abraýly,
Gyz perzendim bolsa mendirn bagtly.

Awtor Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
Link:Seyliyeva Aygul 🖋️ 📚 🇹🇲


haýyş esasynda ýazdym
10
12
komekga
29 Iýun 2024
Allajan her bir musulman bendan gujagyny boş goymasyn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.