wise
02.06.2024 20:27
ESGERIM
Mertdir merdan ýigitlere buýsanýas,
Senem biri şol mertleriň merdisiň.
Alla söýýär,watan söýýär,biz söýýäs,
Söýgüň güýji bilen ýaşar esgerim.
@aýgül_seýliýewa
Söý hem söýül durmuş iki berlenok,
Gören tanyşa gullukdaşam diýlenok,
Diýilýäkäň gullukdaşym,begengin,
Maýyplarda arzuw, şol söz esgerim.
@aýgül_seýliýewa
Kurany Kerimde agzalyp geçýär,
Watan üçin jiger janyňdan geçgin,
Janyn beren şehit diýip a:t alýar,
Taňry söýer nesip sizi esgerim.
@aýgül_seýliýewa
Gije gündiz diýmän watany gorap,
Begendirdiň bütün halky esgerim.
Borjyňy sag-aman ýerine ýetirip,
Gowuşýarsyň söýenleriňe esgerim.

Awtor:Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
Link: Seyliyeva Aygul 🖋️📚🇹🇲
7
23
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.