vvvvv
14.09.2023 07:07

Psihologiýa;

Adam uzak ýyllaryň dowamynda dürli hadysalary başdan geçirýär, elmydama adamlar bilen aragatnaşyk bolýar. Maglumatlary kabul etmek bilen aňymyza ornaşdyrýas, ýatda saklaýas, aňymyzda jemlenen düşünjelere esaslanyp pikirlenýãs, pikirlenmek bilen netijã gelmegi başarýas. Ine šu bolup geçýän zatlaryň ählisini biziň beýnimiz dolandyrýar. Her bir ädimimizi beýniniň buýrugy esasynda amala aşyrýas. Haçanda šahsyýet jemgyýetden üzňeleşip başlanda, onda onuň psihikasy öz ösüşini bes etýär, togtaýar.


Gahar-gazap...

"Gaharly wagtyň netijä gelme" diýen söz bar. Näme üçin? Haçanda biz gaharlananymyzda öz hereketimizi dolandyrmak kyn bolýar. Sebãbi aňymyzda amala aşmaly funksiýalar öz işini doly ýerine ýetirip bilmeýärler. Gaharly wagtymyz geljek netijelerimiz bolsa özümiz üçin ýaramaz bolmagy mümkin.

19
228
vvvvv
13.09.2023 18:56

Üýtgedip bilmejek ähli zatlaryň babatda asudalyk bilen çemeleşmegi endik ediň... (A.SENEKA)

27
144
vvvvv
12.09.2023 00:02

Temperament

Temperament (latyn temperamentumyndan - bölekleriň dogry gatnaşygy) adamyň özüni alyp barşynyň we akyl prosesleriniň dinamikasyny kesgitleýän aýratynlykdyr. Adamyň nerw gurluşy we nerw işjeňligi dogluşdan mahsus. Ýagny temperament adamda dogabitdi bolmak bilen, şahsyýetiň durmuşynda durnuklylygyny saklaýar. Temperamentiň 4 tipini tapawutlandyrýarlar. Olar:


1. Holerik - häsiýeti güýçli täsir galdyryjylyk we uly impulslylyk; Bu şahsyýetlerde gaharjaňlygy, gazaplylygy, agressiýanyň aýdyň ýüze cykmagy bolup geçýär.

2. Sangwinik - gowşak täsirlilik we uly impulslylyk; Şahsyýet göwni açyk şadyýan bolup, adamlar bilen tiz aragatnaşyga girip bilýär. Bir işiň başyny uly güýç bilen başlasada soňuna çenli dowam etmäge kanagaty çatmaýar.

3. Melanholik - güýçli täsir galdyryjylyk we pes impulslylyk; Bu görnüşde şahsyýet sussypes tiz göwnine alagan bolýar. Ownujak zatlar üçin hem öýkeläp bilýär. Adamlara gowy duýgudaşlyk bildirip başarýarlar...

4. Flegmatik - gowşak täsirlilik we pes impulslylyk. Şu tipe degişli şahsyýetler özlerini asuda alyp barýarlar. Ähli ýüze çykýan meseleleri 7 ölçäp 1 kesýär. Bular sungat eserleri döretmekde meşhur bolýarlar...

14
111
vvvvv
11.09.2023 23:09

Häsiýet (grekçeden - häsiýet, alamat, alamat, aýratynlyk) adamyň durmuş ýagdaýlarynda özüni alyp barşyny kesgitleýän we ilkinji nobatda töweregindäki adamlar bilen gatnaşygy kesgitleýän durnukly akyl aýratynlyklarynyň utgaşmasydyr. Häsiýet, adamyň şahsyýetiniň beýleki taraplary, hususan-da adamyň daşky görnüşini kesgitleýän özüni alyp baryşy we temperament bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Häsiýet, şahsyýetiň emele gelen sosial şertlerine has köp täsir edýär - şonuň üçin meňzeş şertlerde emele gelen adamlaryň köp meňzeş häsiýetleri bolýar. Temperament we gylyk-häsiýet dürli-dürli mana eýe bolmak bilen, uly düşündirişleri talap etýär.....

16
123