vvvvv
12.09.2023 00:02

Temperament

Temperament (latyn temperamentumyndan - bölekleriň dogry gatnaşygy) adamyň özüni alyp barşynyň we akyl prosesleriniň dinamikasyny kesgitleýän aýratynlykdyr. Adamyň nerw gurluşy we nerw işjeňligi dogluşdan mahsus. Ýagny temperament adamda dogabitdi bolmak bilen, şahsyýetiň durmuşynda durnuklylygyny saklaýar. Temperamentiň 4 tipini tapawutlandyrýarlar. Olar:


1. Holerik - häsiýeti güýçli täsir galdyryjylyk we uly impulslylyk; Bu şahsyýetlerde gaharjaňlygy, gazaplylygy, agressiýanyň aýdyň ýüze cykmagy bolup geçýär.

2. Sangwinik - gowşak täsirlilik we uly impulslylyk; Şahsyýet göwni açyk şadyýan bolup, adamlar bilen tiz aragatnaşyga girip bilýär. Bir işiň başyny uly güýç bilen başlasada soňuna çenli dowam etmäge kanagaty çatmaýar.

3. Melanholik - güýçli täsir galdyryjylyk we pes impulslylyk; Bu görnüşde şahsyýet sussypes tiz göwnine alagan bolýar. Ownujak zatlar üçin hem öýkeläp bilýär. Adamlara gowy duýgudaşlyk bildirip başarýarlar...

4. Flegmatik - gowşak täsirlilik we pes impulslylyk. Şu tipe degişli şahsyýetler özlerini asuda alyp barýarlar. Ähli ýüze çykýan meseleleri 7 ölçäp 1 kesýär. Bular sungat eserleri döretmekde meşhur bolýarlar...

14
110
vvvvv
13 Sentýabr 2023
@gül🥀_, удачи
vvvvv
13 Sentýabr 2023
@gül🥀_, duygur adamlar su tipden cykyalar
vvvvv
13 Sentýabr 2023
@randevuwithlife, bu maglumatlar gysga, icgin girsen kop zatlar aydyp bolya. Her haysynyn gowy tarapy hem kemciliklerem ba
vvvvv
13 Sentýabr 2023
Temperamentin 4 gornusinin ahlisi hem adamda bar, emma solar haysy hem bolsa biri agdyklyk etya
randevuwithlife
12 Sentýabr 2023
Hem holerik,hem sangwinik hemde melanholik bolup bilyarmi adam? Sebabi sul 3hasiyet mendede ba:(
teacher
12 Sentýabr 2023
Flegmatik
okayjy
12 Sentýabr 2023
Melanhonik biraz ýakyn ýaly görindi maña 🤔. 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.