Psihologiýa;
Adam uzak ýyllaryň dowamynda dürli hadysalary başdan geçirýär, elmydama adamlar bilen aragatnaşyk bolýar. Maglumatlary kabul etmek bilen aňymyza ornaşdyrýas, ýatda saklaýas, aňymyzda jemlenen düşünjelere esaslanyp pikirlenýãs, pikirlenmek bilen netijã gelmegi başarýas. Ine šu bolup geçýän zatlaryň ählisini biziň beýnimiz dolandyrýar. Her bir ädimimizi beýniniň buýrugy esasynda amala aşyrýas. Haçanda šahsyýet jemgyýetden üzňeleşip başlanda, onda onuň psihikasy öz ösüşini bes etýär, togtaýar.
Gahar-gazap...
"Gaharly wagtyň netijä gelme" diýen söz bar. Näme üçin? Haçanda biz gaharlananymyzda öz hereketimizi dolandyrmak kyn bolýar. Sebãbi aňymyzda amala aşmaly funksiýalar öz işini doly ýerine ýetirip bilmeýärler. Gaharly wagtymyz geljek netijelerimiz bolsa özümiz üçin ýaramaz bolmagy mümkin.