Hergiz menden özüň hakda sorama, «Ýatlamok» diýsemem ynanan bolaý. Gider diýip getirmändim oýuma, Indi göwnüm tapjak bolmaňam goýaý. Dagam üýtgeşik bir eden işim ýok, Seni ýönekeýje söýdüm diýmesem.
Hötjetligňe egýän boýun, Sözleriňe salaryn diň. Sensizlikde oňýarmykam? Ýöne welin oňmazlyk geň! Git diýsem-ä, bolýaň ýitik, Gel diýsemem, jüklenýärsiň. Agyrylam gitdi bitip, Ýa sen çatyk, ýa men
Barybir, sen meni söýmän bilmersiň, Ýaz ýaly ýazylar kinedir-öýkäň. Köşeşer gyz göwnüň, Düşüşer göwnüň, Hem maňa ýene-de düşüner göwnüň, Bilmersiň, sen meni bilmersiň söýmän! Sen nämäniň aryn