Hötjetligňe egýän boýun,
Sözleriňe salaryn diň.
Sensizlikde oňýarmykam?
Ýöne welin oňmazlyk geň!
Git diýsem-ä, bolýaň ýitik,
Gel diýsemem, jüklenýärsiň.
Agyrylam gitdi bitip,
Ýa sen çatyk, ýa men çytyk.
Çyny bilen ýagýar ýagyş,
Oky gören guş gabagda.
Zaryn-zaryn çirkin nalyş,
Sen barada, sen barada!
Ýüzüň aýdýar aldaýanyň,
A sen bolsa janykýarsyň.
Her bir zardan sowal gözläp,
Meniň başym aýlaýarsyň.
Gaharlanma, dymýaň diýip,
Seni görsem dil tutulýar.
Sebäp aýdýan her bir sözüň,
Gökden meni ýere uçurýar.
"Söýýän" söze dilim barmaz,
Artyk gynamagyn janyň,
Haçan ejeň ugradaňda,
Çyndan söýýän diýjek janym!