"Güýz bilen gelenime" (Sonetler çemeninden bölek)
Ýaşadygym saýy senli günlerde,
Gümra boldum, şatlanmagyñ ugruna.
Pessimistlik sumat boldy añymdan,
Optimistlik goşulansoñ ugruma.
Kem baha garadym geçen günlerme,
Ýalñyşlarym bilen ýowuz göreşdim.
Arzuwlaryñ gujagynda irkilip,
Geljegimden has köp zada garaşdym.
Aladalar sämetmedi başymy,
Şatlyk baş egmeýär hic bir hesibe.
Rahat dem almakdan lezzet aldym men
Nesibesizligimi ýeñdi nesibe.
Sen bilen öremsoñ her gelen säher,
Ýyladýar ruhumy bir geñsi mähir.