violinist
19.11.2022 11:00
Sen maňa wada beripdiň
Garaşmagy-
garaşmadyň.
Göreşmegi-
Göreşmediň.
Şeýdibem söýgi soňlandy,
Gam ogşadyp göreçlere.

Güýzler sary gussasyny,
Ýaprak edip gaçyrdylar.
Bagtymyň guşy öýdenim,
Bilmän galdym uçurdygym.

Gyşlar sowuk tygy bilen,
Gursagyma saldy talaň.
Ara aýralyk düşensoň,
Habarsyz galdym halyňdan.

Öwrüm saldy ýollarmyza
“Görüşmesin!” diýip pelek.
Özümi aldadym ýördüm:
“Söýen ýene söýüp biler!”
diýip,men söýgi gözledim,
(Tapdyrmy öň tapylmadyk?!)
Gursagymda gussa bilen,
Umyt galdy ýapylmadyk.

Sen hakdaky ýatlamalar,
Kän bildirdi barlygyny.
Ýitirip göz ýetirdim men
Sensiz dünýäň darlygyna...

Sen maňa wada berdiň-de,
Neçüýn yzynda durmadyň?!
Garaşmadyň,
göreşmediň...
Menem duýduryp durmadym.

Ýa ýadyňdan çykypdymy,
Eý, meň bagtymdyr öýdenim?!
Dünýe deý beýik söýgini,
Soňlap bo:r eken beýdibem...

Aşyr Hanow
18
94
violinist
violinist
19.11.2022 06:57
Ýekeligiň gowy tarapy hem bar, meselem, dükandan şokolad alsaň hiç kim bilen böleşmän ýeke özüň iýýäň😌
violinist
violinist
18.11.2022 10:10
Sen ir gitdiň, Dünýeden däl, Dünýämden, Soragsyz-idegsiz. Gelişiň ýaly! Maňa näme bolar? Anyk bilýän men: Men oňmaryn, emma ýüregmiň haly Teň bolup, uçrasa dowasyz derde, Asla, eger-eger geňem görjek
violinist
violinist
17.11.2022 01:03
Gurrasy ters düşýän tersa ykbalym Bagtly pursatlara soranda idin, Gysymymdan ak bagtymy sypdyrdym. Ýa söýdümmi seni ýazgytdan bidin?! Hakykat hyýal däl ýa-da arzuw däl, Oňatlyga ýorulsa-da düýşlerim,
violinist
violinist
16.11.2022 08:59
Durmuşda durmuşa siziň seredişiňiz ýaly seretjek adamy tapmak möhümdir...
violinist
violinist
15.11.2022 08:18
Unutdyňmy, ýa unudan bolýamyň, Ýeň astyndan bakaňokmy gelerme. Sen üýtgediň, men üýtgedim kim biler Name berdi bize ykbal deregne. Meni undyp gazandyňmy ýeke zat Bozuldymy düýnki ýazylan adym. Sen
violinist
violinist
13.11.2022 23:04
Her hal, her ädimde dörjeläp ýören Aňym durmuşdaky garalamamdy. Onda kän garalap ýazan aklamam, Ýolumy hiç haçan garalamandy...
violinist
violinist
12.11.2022 22:37
Sen-ä menden uzaklaşýaň gitdikçe, Dünýämiň güllerem solýardy kem-kem. Göwräm sen tarapa dartylyp barsa, Kalbymam gaýtalap diýýärdi:”Sen-sen” Biziň ykbalymyz bir bolup biler, Ýöne aýry gelýär barýan
violinist
06.11.2022 16:53
Dymyp durmagyňy adamlar akmaklyk hasap etse-de, gürläp, olaryň bu pikirini tassyklanyňdan ýene-de dymyp duranyň gowudyr...

Awraam Linkoln
17
194
violinist
violinist
04.11.2022 20:09
Öňde-soňda bukjalaryň gujaklap, Maňa tarap geljegiňi bilýärin. Şonuň üçin garşylygňa parhsyz men, Hut şoň üçin ýok diýeňde gülýärin. Ykbalymyz bir bolmaly seň bilen, Ine seret,maňlaýyňda adym bar.