violinist
04.11.2022 20:09
Öňde-soňda bukjalaryň gujaklap,
Maňa tarap geljegiňi bilýärin.
Şonuň üçin garşylygňa parhsyz men,
Hut şoň üçin ýok diýeňde gülýärin.

Ykbalymyz bir bolmaly seň bilen,
Ine seret,maňlaýyňda adym bar.
Şonuň üçin darygamok gaharňa
Hut şoň üçin bagta barýas ädimläp.

Ädim bilen geçilerden daş däldir
Nämä gerek ylgap ýörmek eşrede
Hut şoň üçin iňňesini gysganman,
Haýal gaýýas ömrümiziň keşdesin.

Pikirlerim gundalypdyr seň bile,
Näme diýsem adyň gelýär aklyma.
Şonuň üçin müňkür bolma hem bizi,
Dyňzap duran bagtymyzdan saklama...

AŞYR HANOW
14
142
SelimAganov
5 Noýabr 2022
👍
.g.jahan
5 Noýabr 2022
👍👍👍
atakulyyewa_humay
5 Noýabr 2022
👍👍🐨
Zemheri
4 Noýabr 2022
Mlds👍👏
reyyan
4 Noýabr 2022
Gowy gosgy mlds❤
jemal_seyitniyazowa
4 Noýabr 2022
Haýyrlysy bolsun❤
Rova
4 Noýabr 2022
Haýsy işsiz dislike basýarka :) 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.