violinist
12.11.2022 22:37
Sen-ä menden uzaklaşýaň gitdikçe,
Dünýämiň güllerem solýardy kem-kem.
Göwräm sen tarapa dartylyp barsa,
Kalbymam gaýtalap diýýärdi:”Sen-sen”

Biziň ykbalymyz bir bolup biler,
Ýöne aýry gelýär barýan ýolumyz.
Ynha basym, bir gün, şeýle gün geler,
Birleşer, deňleşer sagy-solumyz.

Seni söýüp bir derde-hä ulaşdym,
Bir-de bahar, bir-de tupan aňymda.
Söýgüni bagş edip sapa berseň-de,
Yzasynam gaýgyrmansyň ýanynda.

Gitme! Gitseň äkit menem ýanyňa,
Ýyly mähir bermek kynmy ýa saňa?
Gaýgyňy men aljak, şatlygym seňki,
Mähre teşne dünýäm sowgat, ýar, saňa!

Şatlyk Esenow
17
85
Myhman Myhman
13 Noýabr 2022
Gowy goşgy 👍
ebru
13 Noýabr 2022
Gowy goşgy👍👍
Marýam
12 Noýabr 2022
👍🥰.......
atakulyyewa_humay
12 Noýabr 2022
Ilkinji like menden bolsun 👍👍🐨 gowy goşgy 👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.