ufc..
29.07.2021 11:50
Adamlar bölünýär iki topara,
Birisi-ölüler, biri-diriler.
“öli köpmi, diri?” diýip sorama-da,
“öli köpräk bolaýmasyn” diýdiler.
Adam ogly asyrlaryň içinde,
Ençe gezek ganly dawa baş goşdy.
Gör, näçesi geçen urşuň özünde
Dünýä bilen ebedilik hoşlaşdy.
Ine, şeýle gowgalary ýat edip,
Oýlanyň-da öz-özüňiz biliberiň.
Bilsem-de men ölenleriň köpdigin.
Hemmesine öli diýip bilmerin.
Hak iş üçin gurban bolan ärleri,
Ilim-günüm ýaşadyp ýör arada.
Öli däldir ölenleriň hemmesi,
Diri däldir dirileň käbiri-de.
Entek-entek şol dirileň içinde
Bir mahallar ölüp giden diri kän.
Öli bolup gitmez ýaly ölen-de
Diri bolup ýaşamaly dirikäň.
1965
G ( Halyl Kulyyew)
8
125
ufc..
27.07.2021 22:10
Arkasynda bir ömürlik ýatlama,
Geçjek ýoly geçeninden az onuň.
Ýatanynda kelemesin gaýtalar,
Tursa “Şükri” dillerine saz onuň.
Çalaran başyna myhmandyr pikir,
Bar zadyň diline düşünýän ýaly
Bir bakan ýerine seredip durýar,
Ýadygärlik surat düşürýän ýaly.
Dem alanda dünýäň ähli howasyn
Ýeke demi bilen gutarýan ýaly.
Her baran ýerine ýaýdanyp barýar,
Bir ýakymsyz habar getirýän ýaly.
Hoşlaşanda çyny bilen hoşlaşýar-
Razylaşýar. (Kim bilipmiş ertesin?!)
Tas ähli wagtyny dymyp geçirýär,
Ýazdyrýan deý bu dünýäniň her sesin.
Ýatlap ýaşlyk ýyllaryny, özüniň
Ýygyrtly ýüzüni gyzardyp barýar.
Hem agyr, haýallan ädimi bilen
Ömrüni az-owlak uzaldyp barýar.
9
132
ufc..
22.07.2021 11:06
Meý içýän» diýp, mese berme gyjalat,
Hile torun gurma, aldawyň bes et,
Sen gabarma «men meý içmeýän» diýip,
Ýüz dürli iş edýäň meýden-de erbet.
-----
Düýn agşam meý gaby urdum bir daşa,
Serhoşdym men şonda, içipdim aşa,
- Men-de, sen ýalydym, sen hem bir zaman
Bolarsyň men kimin – diýdi ol çüýşe.
( Omar Hayyam)
7
102
ufc..
21.07.2021 08:48
Göroglydyk, kör boldukmy doganlar,
Haramy ynjaman çeýnäp başladyk.
Belent başymyzy gysyp eginler,
Ejizligi ýarag eýläp başladyk.
Artyk çekdirenok oýnaklap, näzin,
Hormatlap mukkaddes saçagyñ duzun.
Şonda-da çañ gözläp üstünden buzuñ,
Bir töre, on aýal peýläp başladyk.
Toýlaryñ iñ süýji lezzetin döwüp,
Sadakadan soñam "mollasyn kowup",
Sogaplary ajy şeraba ýuwup,
Şeýtan bilen gülüp, oýnap başladyk.
Biz çyndanam Oguz handan öndükmi,
Ýa türkmençiligi agyr gördükmi?
Heý ýigrim bir ýaşda çaga boldukmy,
Boý:n almagam mertlik,
Ownap başladyk.
"Eýtdik, beýtdik" diýmekde ýok netije,
Eý türkmen, gursagñy diñläp gör birje.
Bagt, söýgi hakda ýazjakdym niçe,
Ahlak eýgertmedi, gaýnap başladyk.
( kerim hally)
6
116
ufc..
20.07.2021 01:01
raghana
Garagummy, Sahara,
Okap bilmedim adyn.
Garaz çöllük içinde,
Gurluşyk aldy badyn.
Ýakyn wagtda dikeldi,
Ullakan goraghana.
Adyna-da goýdular,
“Ýitirdiñmi zamana?!”
Soragly goraghan-a,
Ýitýänleri saldylar.
Azalýanlañ başyny,
Salam, Aleýk aldylar.
Soñ bularyñ üssüne,
Getirdiler Namysy.
Gözleseler azmyşyn,
Edil şonuñ ýalysy.
Söýgi islegi bilen,
Gelip girdi goraga.
Näme üçin, ne sebäp,
Jogap anyk soraga...
Soñra gelip goşuldy,
Wepalylyk, sylaşyk.
Ynsap, nebis, halallyk,
Gelip girdi ýanaşyp
Goraghana kän zady,
Sygdyryp biljekmişin...
Iñ ýamany bu ýere,
Ynsanam geljekmişin...
8
86
ufc..
17.07.2021 10:37
Gudraty güýçli, enelerimizi şeýlebir tämiz edip ýaradypdyrki, olaryñ
dogran çagasyndan ýeke tegmil tapmak mümkin däl. Emma ynsan balasy
öz hapalan dünýäsiniñ kirşeñine garylýandygy üçinem, ýuwulyp
ugradylmaga mejbur bolýar...
******************
7
67
ufc..
15.07.2021 01:00
Mugallymyñ “siz bir synpda 10 ýyl okamaly, Siz dogan
bolmaly” diýen jümlesini men çynlakaý kabul etmedik
bolsam belki klasdaşlamdan biri meniñ törümi bezärdi...
******************************
7
169
ufc..
14.07.2021 11:38
Göwün...
Ogul:
Salam mährem gülçi daýza, çemen bogaý bägülden.
Ol şeýle bir gözel bolsun, Haýran galsyn Bägül hem.
Ogul:
Salam mährem gülçi daýza, çemen bogaý nyrhsyzrak.
Bar:bir maňlaýymdan öper, Ejem muňa parhsyzrak.
Aýaly:
Salamalik gülçi daýza, bogaý arzan çemeniñ.
Erkekdirdä... Şu gülem bor, awlaryn oň ýüregin.
Ejesi:
Salamalik gülçi dogan, bog çemeniñ gymmatyn.
Çünki otuz ýaşar bu gün, ýeke didäm Hommadym.
Bu zatlary gören gülçiň, pikirleri boldy döwüm,
Ejemizde ýokmyka, ýarymyzda bar göwün...
9
158
ufc..
13.07.2021 15:32
Başlyk gülse gülüp, aglasa aglap,
Çyn dost deý kalbyny eýeläp barýañ.
Huşuñda şeýleräk, düýşüñde welin,
Onuñ kürsüsinde özüñi görýäñ.
Bir iş buýrsa iki esse edersiñ,
Yzynyñ üç tonna gybaty bilen.
Dogry ýoldan ýöräp barýansyñ öýdüp,
Çapyşýañ durmuşyñ Gyr aty bilen.
Öz ýüküñ hakynda edeñok pikir,
Iliñ agyr ýükün, gerdenñe atyp.
Baýyñ tabakdaşy bolmak islegi,
Bilen nyrhsyz günleñ barýandyr ötüp.
Sen işiñe ussat, şonuñ üçinem,
Saña maýyl şöhrat islän Horazlar.
Munda günleñ añsat, emma "Bakyda",
Ýok bolmagy ahmal şöhratparazlar.
7
298