ufc..
13.07.2021 15:32
Başlyk gülse gülüp, aglasa aglap,
Çyn dost deý kalbyny eýeläp barýañ.
Huşuñda şeýleräk, düýşüñde welin,
Onuñ kürsüsinde özüñi görýäñ.
Bir iş buýrsa iki esse edersiñ,
Yzynyñ üç tonna gybaty bilen.
Dogry ýoldan ýöräp barýansyñ öýdüp,
Çapyşýañ durmuşyñ Gyr aty bilen.
Öz ýüküñ hakynda edeñok pikir,
Iliñ agyr ýükün, gerdenñe atyp.
Baýyñ tabakdaşy bolmak islegi,
Bilen nyrhsyz günleñ barýandyr ötüp.
Sen işiñe ussat, şonuñ üçinem,
Saña maýyl şöhrat islän Horazlar.
Munda günleñ añsat, emma "Bakyda",
Ýok bolmagy ahmal şöhratparazlar.
7
298
Myhman Myhman
15 Iýul 2021
Bolaypdyr toyam tutjak bolyanmy😆
ufc..
15 Iýul 2021
Yadymdan cykanok malades senem yadyndan cykarmansyn. Goraglan bolsam Enshalla has gowy habarlaram eshdersin nesip bolsa Alla nesibeden ayrmasa sana hokman birinji habarmy aydarn brat
Myhman Myhman
15 Iýul 2021
Ay sen bilen at aydyp tanshanym yada dushenok, birilerni goraglan bolup gezen wagtlaryn
ufc..
15 Iýul 2021
Bolyp biler adyny aytsan tanarn belki
Myhman Myhman
15 Iýul 2021
Onden bari tanysh bolmaly oza biz
ufc..
15 Iýul 2021
Senem sho hemisheki myhmanmy
Myhman Myhman
15 Iýul 2021
Gulhanynam yiğidi onda ha
ufc..
13 Iýul 2021
Myhman Myhman. Howwa
Myhman Myhman
13 Iýul 2021
Sen onki agzamy
guli_
13 Iýul 2021
👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.