tsoltanova
tsoltanova
10.09.2023 13:24
Düşünjeleriñize dykgat ediñ, duýgularyñyza öwrüler! Duýgularyñyza dykgat ediñ, hereketleriñize öwrüler! Hereketleriñize dykgat ediñ, endikleriñize öwrüler! Endikleriñiz dykgat ediñ, gymmatlyklaryñyza
tsoltanova
18.08.2023 16:54
Sen maña seretme, men seniñ sereden tarapyñda bolaryn...
43
494
tsoltanova
15.08.2023 11:09
Akyl ýa-da be­den taý­dan ka­da­ly ýag­daý­da zäh­met çek­ýän­di­gi­ňi­ze ga­ra­maz­dan, köp­lenç özü­ňi­zi ýa­daw duý­ýa­ňyz­my?!

Ýa­daw­lyk zäh­met çek­mek bi­len bag­ly bol­man, dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk ber­jaý edil­me­gin­de goý­be­ril­ýän kä­bir se­bäp­ler bi­len bag­ly­dyr. Adat­ça, ýa­daw­ly­gyň esa­sy se­bä­bi az uk­la­mak bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Ýö­ne do­wam­ly ýa­daw­ly­gyň baş­ga-da se­bäp­le­ri bar. Ine, olaryň käbiri:

●Spor­t bilen meşgullanmaýan bol­sa­ňyz. Ýa­daw­lyk­dan dyn­ma­gyň iň amat­ly usu­ly sport bi­len meş­gul­lan­mak­dyr. Eger-de sport bi­len meş­gul­lan­ma­ýan bol­sa­ňyz, özü­ňi­zi do­wam­ly ýa­daw du­ýar­sy­ňyz. Hep­de­de azyn­dan 3 gün 20 mi­nut­lyk maşk etmeli. Se­bä­bi sport be­de­niň güý­jü­ni we çy­dam­ly­ly­gy­ny art­dy­ryp, ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň işi­ni go­wu­lan­dyr­ýar.

●Ýe­ter­lik suw iç­me­se­ňiz. Be­de­niň ka­bul et­di­gi­çe agyz su­wu­ny iç­me­li. Suw­suz­lyk ga­nyň go­ýal­ma­gy­na, myş­sa­la­ra we be­den ag­za­la­ry­na bar­ýan kis­lo­ro­dyň tiz­li­gi­niň pe­sel­me­gi­ne ge­tir­ýär.

●Dem­re baý önüm­le­ri iý­me­ýän bol­sa­ňyz. De­mir ýet­mez­çi­li­gin­de adam özü­ni ejiz du­ýup, ün­si jem­le­mek uky­by pe­sel­ýär. Be­de­ne ge­rek bo­lan de­mir ze­rur­ly­gy­ny guş eti­ni, ýu­murt­ga, ýa­şyl ýap­rak­ly gök önüm­ler, no­hut we hoz iý­mek ar­ka­ly do­lup bol­ýar.

●Ähli zada kembaha garaýan bol­sa­ňyz. El­my­da­ma bo­lup bi­läý­jek er­bet sse­na­ri­ýa hak­da pi­kir et­se­ňiz, iç­ki tol­gu­nmak ze­rar­ly aňy­ňyz ýa­dar. Şeý­le zat­lar ba­ra­da pi­kir eden ba­dy­ňy­za, ulu­dan dem alyň we mu­nuň bol­ma­jak zat­dy­gy­na özü­ňi­zi ynan­dy­ryň. Go­wy zat­lar hak­da pi­kir et­mek iç­ki tol­gun­ma­la­ry ýe­ňip geç­me­giň iň go­wy ýo­lu­dyr.

●Er­tir­lik edin­me­ýän bol­sa­ňyz. Her gün­ki ener­gi­ýa er­tir­lik na­har edin­mek bi­len baş­lan­ýar. Ir­den tu­ra­ny­ňyz­da ener­gi­ýa­ny er­tir­lik edin­mek ar­ka­ly tä­ze­le­me­se­ňiz, uzak­ly gün ýa­daw­lyk bi­len ba­şa­gaý bo­lup ge­çer­si­ňiz. Ýu­murt­ga, ga­tyk, dä­ne­li çö­rek ýa­ly be­lo­ga we ösüm­lik ýa­gy­na baý önüm­ler er­tir­lik na­ha­ry üçin iň go­wy iý­mit­ler­dir.

●Süýjülikleri artykmaç iý­ýän bol­sa­ňyz. Şe­ker hem-de dü­zü­min­de ug­le­wod­lar sak­la­ýan iý­mit­ler iý­len­de gan­da­ky şe­ker çalt ýo­kar­lan­ýar we çalt aşak dü­şüp, ýa­daw­lyk duý­gu­sy­ny dö­red­ýär. Şol se­bäp­li iý­ýän za­dy­ňy­zyň dü­zü­mi­ne üns ber­mek ze­rur­dyr.

●Uzak­ly gün ko­fe iç­se­ňiz. Gü­ni ir­den ko­fe bi­len baş­la­ma­gyň, hat­da gü­nüň do­wa­myn­da 3 gezek ko­fe iç­me­giň peý­da­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Şeý­le-de bol­sa, ko­fe­ni aşa köp iç­mek ka­da­ly uka tä­sir edip, ýa­daw­lyk ala­mat­la­ry­ny dö­red­ýär. Gü­nor­tan­dan soň er­ti­re çen­li ko­fe iç­mek­den sak­lan­mak mas­la­hat be­ril­ýär.

●«Ýok» di­ýip bil­me­ýän bol­sa­ňyz. Baş­ga­la­ryň sö­zü­ni ýyk­maz­lyk üçin bar güý­jü­ňi­zi we wag­ty­ňy­zy sarp ed­ýän­di­gi­ňi­zi bil­ýär­si­ňiz­mi? Ýa­daw­ly­gyň dö­re­me­gi­niň esa­sy se­bäp­le­ri­niň bi­ri köp za­dy ba­şar­mak üçin bar wagtyňyzy berip, wag­tyn­da dynç al­maz­lyk­dyr. «Bol­ýar» diý­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly dö­re­ýän me­se­lä­ňiz bar bol­sa, «ýok» diý­me­gi öw­re­niň!

●Dynç alyş wag­ty hem iş­le­ýän bol­sa­ňyz. Öý­de ýa-da dynç alyş mer­kez­le­rin­de dynç al­ýan wag­ty­ňyz hem iş ýö­rel­ge­si­ni alyp bar­ýan bol­sa­ňyz, bu si­zi has-da ýa­da­dar.

■■■Teh­no­lo­gik en­jam­lar­dan uzak­la­şyp, maş­ga­laňyz ýa-da dost­la­ryňyz bi­len dynç al­şy gu­ra­mak er­tir­ki gün hö­wes­li we dö­re­di­ji­lik­li iş­le­me­gi üp­jün ed­ýär.
73
555
tsoltanova
24.07.2023 09:12
Ýakyn ynsan- bu seniñ geçmişiñe düşünýän, geljegiñe ynanýan hem-de şu wagt seni edil bolşuñ ýaly kabul edýän ynsandyr....
33
232
tsoltanova
12.06.2023 20:20
Bagy saýla we häsiýetiňi bil!
Bu surata ünsli serediň we halaýan bagyňyzy saýlaň!
49
884
tsoltanova
12.06.2023 12:19

Bedenimizde birnäçe möhüm organlar bar. Şeýle-de bolsa, bularyň hemmesinden has möhümi beýni bolup durýar. Beýni adam bedenindäki energiýanyň köp bölegini gönüden-göni özüne sarp edýär.


Beýni nerw ulgamynyň merkezi bolup hyzmat edýän organdyr. Adaty bir adamyň beýnisinde 15-33 milliard neýron bardygy çak edilýär. Olaryň her biri “synapses” diýilýän baglanyşyk arkaly birnäçe müň neýron bilen baglanyşdyrylýar. Bu neýronlar akson diýilýän uzyn protoplazmatiki süýümler arkaly biri-biri bilen aragatnaşyk saklaýarlar. Aksonlar beýniniň beýleki ýerlerine ýa-da bedeniň belli bir reseptor öýjüklerine maglumat berýär.


Beýni barada gyzykly maglumatlar:

●Çuňňur dem almak has aýdyň pikirlenmäge mümkinçilik berýär;

●Aşyk bolmak beýnini işjeňleşdirýär;

●Beýniniň öndürýän energiýasy bilen bir çyrany ýakyp bolar;

●Uly adamyň beýnisiniň agramy ortaça 1,5 kg;

●Adam beýnisiniň kuwwaty çäksiz hasaplanýar;

●Adam beýnisi 75 göterim suwdan durýar;

●Adam beýnisinde ortaça 86 milliard neýron bar;

●Neýronlaryň arasynda maglumat akymy sagatda takmynan 400 kilometre deňdir;

●Beýni özüne iberilen agyry signallaryny bedeniň beýleki ýerlerine iberýär, ýöne agyryny duýmaýar;

●Adam beýnisi bedendäki kislorodyň we ganyň 20 %-ni ulanýar.

●Beýni şol bir wagtyň özünde 100 trillion maglumaty özünde saklap bilýär.

●Beýnimiz her sekuntda bedenimizden 100 milliondan gowrak habar alýar.

●Beýnimiz her gün öwezini dolup bolmaýan 1000-e golaý öýjük ýitirýär.

●Ýaňy doglan bäbegiň beýnisi ilkinji 6 aýyň dowamynda iki esse ulalýar.

●Beýniniň agramy bedeniň 1/50 bölegine deň bolsa-da, bedenimizdäki kislorodyň 1/4 bölegini ulanýar.

●Beýniniň çep bölegi bedeniň sag tarapyny, sag bölegi bolsa çep tarapyny dolandyrýar.

●Çep beýni matematika, logika, dil amallary tarapdan güýçli bolsa, sag beýni saz, reňk, sungat tarapdan güýçli bolýar.

●Eger-de sen saglakaý bolsaň seniň çep beýniň gowy işleýär, çepbekeý bolsaň sag tarapky beýniň gowy işleýär.

●Erkek adamlaryň beýnisi aýallaryň beýnisinden agyrdyr.

●Adam beýnisiniň temperaturasy 41 gradusa ýetip biler.

●Adamyň oňurga ýiliginiň massasy beýniden, takmynan, 50 esse azdyr.

●Uly adamda ortaça beýni beden agramynyň 2%-ni tutýar.

●Adam beýnisindäki ýagyň düzümi beýleki organlara garanyňda has ýokarydyr.

●Ilkinji adamlaryň beýnisi häzirki zaman adamlaryň beýnisinden has uly  bolupdyr.

●Adamyň beýnisi ukyda wagtyda işlemegini dowam etdirýär, oýa wagty has güýçli işleýär.

●Beýni kislorod ýa-da glýukozasyz işläp bilmez.

●Adam beýnisinde uzak we gysga möhletli ýat bar we käbir maglumatlar, adatça, ýarym minutdan gowrak saklanýar. Şonuň üçin birnäçe minut ozal pikir edeniňizi ýatdan çykarmak aňsat.

●Beýniniň ululygy akyl derejesine hiç hili täsir etmeýär. Meselem, Eýnşteýniň beýnisiniň agramy bary-ýogy 1230 gramdan gowrakdy, bu ortaça derejeden pes, ýöne ol bilşimiz ýaly zehinli bolupdyr.

●Beýniniň agramy bedeniň 1/50 bölegine deň bolsa-da, bedenimizdäki  kislorodyň 1/4 bölegini ulanýar.

●Adam beýnisi, takmynan, 25 ýaşa çenli ösmegini dowam etdirýär.

●Uzak wagtlap uklamasak, adamyň beýnisiniň temperaturasy ýokarlanýar we pikirlenmek ukyby peselýär.

●Beýnide nerw impulslary sagatda, takmynan, 440 kilometr tizlikde ýerleşýän neýron boýunça hereket edýär.

●Beýnä has köp täsiri bolan duýgy bedeni gözdür. Görmek bilen baglanyşykly nerwi öýjükleri beýnide beýlekilere garanyňda has köp orun eýeleýär. Şonuň bilen baglylykda diňlemek arkaly kabul edilen maglumatyň 10 göterimini ýatda saklaýan bolsak, görmek arkaly kabul edilen maglumatyň 65 göterimini ýatda saklap bilýäris. Täze tanyş bolan adamlarymyzyň atlaryny unutsak-da, olaryň ýüz keşbiniň ýadymyzda galmagy munuň netijesidir.

●Bedene sorulyp alynýan kislorod burundan girip, gan ýoly bilen beýnä ýetýär. Beýni kisloroda bagly bedendir, onuň öýjükleri kislorodsyz diňe 6-7 minut çydap biler.






48
739
tsoltanova
11.06.2023 21:35

Diňe bir diňlemegi däl-de, düşünmegi nädip başarmaly.

Özara düşünişmek, empatiýa, adamlary diňe bir diňlemek bilen çäklenmän, olara düşünmek — ikitaraplaýyn hoşniýetli aragatnaşygy dowam etdirmegiň esasy şerti. Üns bilen diňlemek we düşünmek iş meselelerine hem-de şahsy gatnaşyklara, kärdeşleriň, dostlaryň we tanyşlaryň özüni alyp barşyny dogry düşündirmäge ýardam edýär, söhbetdeşligi ýeňilleşdirýär. Şeýle bir ukyply adamlar bolýar, olar gabadynda durana örän jaýdar, tüýs geregi ýaly düşünip bilýärler, ýöne adamda şeýle başarnyk bolmadyk bolaýanda-da, ony kämilleşdirmek mümkindir.

Bu meselede, ýagny «başgalara düşünmegi nädip öwrenmeli» diýen mowzuk babatda diňe sadaja eýermegi talap edýän birnäçe maslahatlary belläp bileris. Bularyň iň ýönekeýi «özüňi şonuň ýerinde goýup görmeli» diýen köp halatda eşidýän ýagdaýymyzdyr. Muny «Şeýle ýagdaýda sen näme ederdiň?», «Onuň häsiýeti sende bolsa nähili bolardy?» diýen sowallar bilen düşündirip bolar. Özüňi başga kişiniň ýerinde goýmak bilen ýene bir zady, başgalara baha bermezligi öwrenip bolýar.

Eger kimdir biriniň haýsydyr bir zady siziň nukdaýnazaryňyzdan has tapawutlylykda, gowy edip düşündirip bilýändigini bilseňiz, ony şobada inkär etjek bolmak ýalňyşdyr. Bu ýagdaýda şol adamyň näme üçin başgaça däl-de, hut şol hili pikir edýändigini nazarda tutmak möhüm. Bu maslahat hem, birinji maslahat bilen baglanyşykly bolup, özüňi başga biriniň ýerinde goýmak bilen onuň kabul edişini, pikirlerini we garaýyşlaryny bilip bolýandygyny görkezýär.

Kimdir biriniň pikiri haýsydyr bir sebäbe görä sizde otrisatel emosiýalary (düşünişmezligi, ýaramaz pikiri, ýigrenji we ş.m) döredýän bolsa, onda gaharyňy ýatyrmaga synanyşmaly we bu pikiri hut şol adamyň pikiri hökmünde däl-de, eýsem, başga bir ýerden dörän maglumat diýip kabul etmelidir. Bu ýagdaý diňe bir adamy diňlemäge ýa-da düşünmäge däl, şeýle-de onuň islendik predmete bolan garaýşyny kabul etmäge kömek edýär. Şeýle pikirlere düşünmek we kabul edip bilmek üçin kimdir biriniň öz nukdaýnazaryndan beýan edýän garaýşyny bölmek hökman däldir.

Empatiýa duýgusy (duýgudaşlyk bildirmek ukyby) — eger bu häsiýet adamda dogabitdi bar bolup, ýöne ýeterlik ösmedik bolsa, ony kämilleşdirip bolar. Dürli hili häsiýetdäki adamlar bilen hemişe söhbet gurup we olaryň hereketlerine syn edip ýörmek bilen, diň salmak bilen birlikde, söhbetdeşiň näme aýtjak bolýanyna, duýgularyna, keýpiniň nähili ýagdaýdadygyna, şeýle-de siziň sözleriňizi nähili kabul etjegine düşünmek ukyby kemala gelýär.

Käbir psihologlar empatiýa duýgusyny ösdürmek üçin filmlere ýa-da seriallara, aýratyn-da, terjimehal, psihologik ýa-da melodrama žanrlaryndaky kinolara tomaşa etmegi maslahat berýärler.

Çeper we ylmy-populýar edebiýatlary okamak, ylym we sungat baradaky programmalara tomaşa etmek bilen, gözýetimimizi giňeldýäris, beýleki adamlary diňlemek we olaryň pikirlerini kabul etmek ukybymyzy hem artdyrýarys.

Subut edilen: akyl taýdan sagdyn adamlar dartgynlylyklary we kynçylyklary başdan geçiren ýagdaýynda, duýgudaşlygy we adamlary diňlemek, olaryň duýgularyna düşünmek ukybyny ýokarlandyrýarlar. Şeýle-de, durmuşda kyn ýagdaýlary başdan geçiren adamlaryň duýgudaşlyga we başga biriniň pikirini kabul etmäge has ýakyn bolýandygy ozaldan mälim bolan hakykatdyr.

Öz durmuş tejribesinde adamlara düşünmegi, olary diňlemegi başarmagy ösdürip bilen her bir adamyň özünde paýhasly bolmagy terbiýeledigidir. Ol her bir adamyň tebigaty boýunça başgaça bolsa-da, tapawutly, dogry nukdaýnazarly bolup biljekdigine ynanyp bilýär.



39
574
tsoltanova
10.06.2023 22:09

"Tankyt edilmegine garşy däl" sözüni eşitdiňizmi? Bu sözüñ real bolmagyna garaşmaň. Her bir adam belli bir dozadan soň oňaýsyz bolýar. Ýagny her tankydyñam belli bir çägi bardyr. Tankyt, ähli bedenleri gowşadýan wirusdyr.

Tankytly garaýyş siziň gurluş aýratynlygyñyz bolsa, üns beriň. Öziñizde sowuk, duýgur däl, kämillik, gödek, egoist, naristist, endik ýaly aýratynlyklaryňyzy tapyp bilersiňiz.

Tankydyň diňe bir durmuşymyzdaky gatnaşyklarda kynçylyk döretmän, adama negatiwligi görkezýän ýagdaý hökmünde psihologlar belläp geçýär.
Gözden geçiren nikalarda, tankydy garaýyşly adamlaryň 30 ýylda-da bir ädim öňe gidip bilmejekdigini, ýanýoldaşyny üýtgetmegiň çägi ýokdugyny, tankyt etmegiň bolsa maşgala meselesi däl-de, şahsy meseledigini aýdyp bolar. 

Tankyt diňe konstruktiw edilen bolsa, işleýär, galanlary tankytçynyň öz-özüni kanagatlandyrmakdan başga zat däl.

Tankyt edýän adamlarda, negatiw garaýandyklary üçin, bagtyň ortaça ýa-da pes derejesi bolýar. Şeýle bolansoň, bagtsyzlygyny adamlara ýa-da durmuşynda başdan geçirenlere baglanyşdyrýarlar. Edilmeli zat, munuň aýry-aýry nukdaýnazaryň netijesidigini kabul etmekdir. Adamlary tankytlamazdan, üýtgetmäge synanyşmazdan ozal öz nukdaýnazaryndan habarly bolmaly we oňa güýç sarp etmeli.

 Tankytly adamlaryň häsiýetleri:

 - Tankytçynyň tankytçy ene-atasy bar.  Ondan öwrenen zatlaryna düşünmän dowam edýär.

 - Çagalygynda tankyt edilipdi, ugrukdyryldy, erkin karar bermek ukyby berilmedi, şonuň üçin olar UNCERTAIN.

 - Enäniň ýa-da kakanyň çaga hakda gaty köp alada edýändigi we ähli garaşýan zatlaryna laýyk gelmegi hem tankytçy çagany döretdi. Soňky döwürlerde çaga islän zadyny alyp bilmän rehimsiz we gödek tankytlaýar.
 
- Tankytly adamlar köplenç maşgalada uly çaga bolup bilerler. Ata-ene ilkinji çagasy bilen ene-ata bolmak tejribesini başdan geçirýärler. Dolandyryşsyz ýa-da gözegçiliksiz ösdürilip ýetişdirilen bolmagy mümkin.
- Tankytly adamlar, tankydy ulalansoňlar, hemişe özlerini subut etmäge we adamlaryň razylygyny gazanmaga synanyşýarlar. Adamlardan ýeterlik isleýän jogabyb alyp bilmeýän ýagdaýynda tankytlap bilerler. Köplenç tankydyñ üsti bilen özini görkezmek islärler.

 - Tankyt edýän adamlar, elmydama şübhele bilen ýaşarlar, sebäbi olar ulalanda tankyt bilen ulaldylar.
- Tankytly adamlar aslynda gaty dogruçyl, düşündirişli we duýgur. Adalatsyzlygy we ylalaşyksyzlygy halamaýarlar.

 - Tankytly adamlar gaty gowy dost bolup bilerler.  Emma tankyt başlansoň, gatnaşyklary ýaramazlaşyp biler.

 - Tankytly adamlarda energiýa meselesi bar.  Umuman, kämilligi sebäpli kelläni we bedeni köp ýadadýarlar.
Gaty tankytlaýanlar, wagtyň geçmegi bilen beýleki adama täsirini ýitirýärler.  Olara çynlakaý garalmaýar. Dogrysyny aýdanda-da, olaryñ sözleri ähmiýetsiz bolýar.

 - Tankyt edýän adamlar, hemme zadyň hakykatyny bilýärler we kämildir öýdýärler. Çişirilen ego bilen hereket edýärler we özleriniň çişirilen egolaryna laýyklykda abraý gazanmagyna garaşýarlar.

 Kritiki gurluş adamyň gözegçiliginde bolanda, özi we daşky gurşaw has oňyn prosesleri başdan geçirýär. Bu ýerdäki mesele, adamyň bu tarapyna düşünmegidir. Tankyt, içimizdäki negatiwleriň sözlere we yşaratlara hüjümidir. Umuman, bagtly adamlar az tankyt edýärler.

 Tankytly adamlar bilen ýaşamak, özüňize bolan ynamyňyzy ýitirýär.  Özüňizi yzygiderli ýalňyşýan ýaly duýýarsyňyz.  Köplenç özüňizi nähili alyp barmalydygyňyzy hem bilmeýärsiňiz.

Balyñ köpi zyýan diýilişi ýaly durmuşymyzda tankydyñam çägi bolmaly, bellibir zady tankytlamazdan öñirti öziñi şol adamyñ geçen ýollaryndan geçip biljek ýa-da bilmejekligiñ barada pikir etmeli!

31
422
tsoltanova
07.06.2023 23:26

Hindistanyň on birinji prezidenti Abdul Kalam kakasy bilen bagly ýatlamasyny şeýle gürrüň berýär:

«Men o wagtlar oglanjykdym. Bir gün ejem ýene hemişeki ýaly uzynly gün işde bolup, agşam öýe gelensoň nahar bişirdi. Ejem biziň öňümize hindi naharlaryndan «sabzi» bilen gara köýük bolan «roti» goýdy. Men ýanan «roti» barada kim dil ýararka diýip garaşdym. Kakam «rotisini» iýip boldy-da, meniň okuwymyň ýagdaýyny sorady. Şol gün kakama öz okuwym barada näme diýendigim ýadyma düşenok. Ýöne ejemiň welin «rotini» ýakandygy üçin kakamdan ötünç sorandygy şu gün ýaly ýadymda. Hem-de kakamyň ejeme: «Men ýanan rotiniň tagamyny gowy görýärin» diýip aýdan sözleri henizem gulagymda ýaňlanyp dur.  

Şol gije agşam ýatmankam kakamy ogşaýyn diýip ýanyna bardym. Oňa «Gijäň rahat bolsun!» diýenimden soňra, ýanan «rotini» hakykatdan hem gowy görüp görmeýändigini soradym. Ol meni gujaklap:

– Ejeň  bu günler uzakly gün işde bolup ýadaýar, oglum! – diýdi-de, sözüniň üstüni şeýle ýetirdi:

– Onsoňam, ýanan «roti» hiç kimi ynjytmaýar ahyry, onuň hiç kime zyýany ýok. Emma ýakymsyz sözler welin adamy ynjydýar. Özüň gowy bilýänsiň, oglum! Durmuşda näsazlyklar juda köp bolýar. Durmuşda ýalňyşmaýan adam hem ýok. Edil şonuň ýaly, menem dünýädäki iň gowy adam däl. «Şuny-ha birkemsiz oňarýaryn» diýip agyz dolduryp aýdyp biljek zadym ýok. Ine, ýyllaryň dowamynda meniň bar öwrenen zadym şu: Kemçiliksiz adamyň ýokdugyny kabul edip, özara ylalaşmaklygy bar zatdan ileri tutmaly».


58
630
tsoltanova
05.06.2023 14:47

GÖRIPLIK NÄME?
Göripligiň düýp manysy bäsdeşlikdir, has takygy, özüne degişli bolmadyk üstünlige, baýlyga, bagta eýe bolmak islegi bilen, garşydaşyňy habarly etmezden amala aşyrylýan gizlin bäsdeşlikdir.

❌️Göriplik duýgusy- öýke, agressiýa, öjükme ýaly emosional ýagdaýlar bilen utgaşykly gelýän duýgudyr. Adam özüni başga adamlar bilen, has dogrusy olaryň üstünlikleri we maddy ýagdaýlary bilen deňeşdirýär. Öz isleýän, arzuwlaýan zadynyň başgalarda barlygy üçin ýigrenç döreýär. Käwagtlar göriplik sussupeslige, janyýangynlylyga getirip bilýär.

●Göripligiň psihologiýasy başga adamlaryň bagtyna guwanyp bilmezlik, olaryň bagtynyň beýgeldigiçe, negatiw emosiýalaryň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Psihologiýa göriplige birwagtda şahsyýet üçin çäklenme we üstünlige itergi hökmünde garaýar.Adam göripleýän adamsyna ökünmek, ony kopiýalamak bilen öz şahsyýetiniň çökmegine, ýitmegine, çäklenmä getirip biler. Tersine göripleýän adamsyndan ýokary netijeler gazanmak üçin, maksadaokgunly hereket etmäge itergi hem berip biler.

● Göripligiň esasy sebäpleri- mätäçligi (Islendik zada,şol sanda söýgä, mähre, dostluga…), kanagatlanmazlyk duýgusyny, şahsy üstünliginiň ýoklugyny, maddy ýagdaýyň pesligini, öz-özünden göwnüniň bitmezligini, närazylygyny bellemek bolar.

●Göripligiň görnüşleri- gysga wagtlyk,uzak wagtlyk, köpçülige niýetlenen, gizlin, duşmançylykly, kemsidiji… bular ýüze çykarýan häsiýetleri degişlilikde ak we gara göriplige bölünýärler.
Ak göriplik- göripleýän adamsynyň derejesine ýetmek üçin, zyýansyz hereket edýan, gysga wagtda geçip gidýän duýgudyr.
Gara göriplik- ýaňsylama, öjükdirme, kemsitme arkaly agressiw hereketleri bilen göripleýän adamsyna zyýan ýetirmek isleýän,iň gorkunç we ýakymsyz duýgudyr.

●Göripligiň zyýany- başga adamlaryň ýaşaýşyny, üstünliklerini göriplik bilen synlaýan,yzarlaýan adam öz durmuşyny arkaýyn ýaşap bilmez. Kimdir biri bagtly ýaşaýar, kimdir biriniň ähli zady gowy diýip ejir çekýän adam bilen ýaşamak kyn bolar. Galyberse-de, göripligi başdan geçirýän adamda ýüze çykýan agressiýa, ýigrenç, sussupeslik ýaly duýgulary ony jemgyýetçilik düşünjesinden daşlaşdyryp biler. Özüň awy içip, başga adamynyň ölümine garaşmak diýleni ýaly-da.

Görüplik diňe günä sebäbäp bolýan ýürek keseli bolman,bir tarapdan eýesiniň gowy gylyklarynyda aradan aýyrýar. Başgasyna berlen nygmaty gysganan adamlar, ýüreklerinde biderek ýere gynanç göterýärler. Çünki duýan gynançlary görüplik edýän nygmatlary azalmaýar ýa-da özlerine berilmeýär. Şeýlelik bilen görüplik edýän adam maksadyna ýetmeýär. Görüplik doly kalp eýesi, hem dünýäde kynçylyk we hasrat içinde ýaşar, hem-de ahyrýetde uly ýitgä sezebar bolarlar.

●Göriplikden nädip saplanyp bolar?
Göripleýän zadyňyza näme sebäpden göripleýändigiňizi anyklamaly. Belki-de, siz şonsuzam bagtlysyňyz,şol zadyň size ähmiýeti hem ýokdur.
Adamlaryň şol bagta ýetmek üçin nämeleri başdan geçirendiklerini bilmeýändigiňe düşünmeli. Belki-de siz olaryň ýerine bolmak hem islemezdiňiz.
Başgalaryň bagtyny, üstünliklerini öwrenip ýörmän, özüňizi kämilleşdirmeli, özüňizi hakykatdan bagtly edip biljek zatlara üns bermeli.

Durmuşda göriplik duýgusyny ýeňip, ony başgalaryň bagtyna guwanmakdan lezzet almaklyga öwürip bilen adam, öz durmuşynyň hak eýesidir we bu adamynyň göriplap ýetip biljek derejesinden, has ýokary derejelere ýetjekligi şübhesizdir.

56
1 105