Akyl ýa-da beden taýdan kadaly ýagdaýda zähmet çekýändigiňize garamazdan, köplenç özüňizi ýadaw duýýaňyzmy?!
Ýadawlyk zähmet çekmek bilen bagly bolman, durmuş ýörelgeleriniň talabalaýyk berjaý edilmeginde goýberilýän käbir sebäpler bilen baglydyr. Adatça, ýadawlygyň esasy sebäbi az uklamak bilen düşündirilýär. Ýöne dowamly ýadawlygyň başga-da sebäpleri bar. Ine, olaryň käbiri:
●Sport bilen meşgullanmaýan bolsaňyz. Ýadawlykdan dynmagyň iň amatly usuly sport bilen meşgullanmakdyr. Eger-de sport bilen meşgullanmaýan bolsaňyz, özüňizi dowamly ýadaw duýarsyňyz. Hepdede azyndan 3 gün 20 minutlyk maşk etmeli. Sebäbi sport bedeniň güýjüni we çydamlylygyny artdyryp, ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar.
●Ýeterlik suw içmeseňiz. Bedeniň kabul etdigiçe agyz suwuny içmeli. Suwsuzlyk ganyň goýalmagyna, myşsalara we beden agzalaryna barýan kislorodyň tizliginiň peselmegine getirýär.
●Demre baý önümleri iýmeýän bolsaňyz. Demir ýetmezçiliginde adam özüni ejiz duýup, ünsi jemlemek ukyby peselýär. Bedene gerek bolan demir zerurlygyny guş etini, ýumurtga, ýaşyl ýaprakly gök önümler, nohut we hoz iýmek arkaly dolup bolýar.
●Ähli zada kembaha garaýan bolsaňyz. Elmydama bolup biläýjek erbet ssenariýa hakda pikir etseňiz, içki tolgunmak zerarly aňyňyz ýadar. Şeýle zatlar barada pikir eden badyňyza, uludan dem alyň we munuň bolmajak zatdygyna özüňizi ynandyryň. Gowy zatlar hakda pikir etmek içki tolgunmalary ýeňip geçmegiň iň gowy ýoludyr.
●Ertirlik edinmeýän bolsaňyz. Her günki energiýa ertirlik nahar edinmek bilen başlanýar. Irden turanyňyzda energiýany ertirlik edinmek arkaly täzelemeseňiz, uzakly gün ýadawlyk bilen başagaý bolup geçersiňiz. Ýumurtga, gatyk, däneli çörek ýaly beloga we ösümlik ýagyna baý önümler ertirlik nahary üçin iň gowy iýmitlerdir.
●Süýjülikleri artykmaç iýýän bolsaňyz. Şeker hem-de düzüminde uglewodlar saklaýan iýmitler iýlende gandaky şeker çalt ýokarlanýar we çalt aşak düşüp, ýadawlyk duýgusyny döredýär. Şol sebäpli iýýän zadyňyzyň düzümine üns bermek zerurdyr.
●Uzakly gün kofe içseňiz. Güni irden kofe bilen başlamagyň, hatda günüň dowamynda 3 gezek kofe içmegiň peýdalydygy bellenilýär. Şeýle-de bolsa, kofeni aşa köp içmek kadaly uka täsir edip, ýadawlyk alamatlaryny döredýär. Günortandan soň ertire çenli kofe içmekden saklanmak maslahat berilýär.
●«Ýok» diýip bilmeýän bolsaňyz. Başgalaryň sözüni ýykmazlyk üçin bar güýjüňizi we wagtyňyzy sarp edýändigiňizi bilýärsiňizmi? Ýadawlygyň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri köp zady başarmak üçin bar wagtyňyzy berip, wagtynda dynç almazlykdyr. «Bolýar» diýmek bilen baglanyşykly döreýän meseläňiz bar bolsa, «ýok» diýmegi öwreniň!
●Dynç alyş wagty hem işleýän bolsaňyz. Öýde ýa-da dynç alyş merkezlerinde dynç alýan wagtyňyz hem iş ýörelgesini alyp barýan bolsaňyz, bu sizi has-da ýadadar.
■■■Tehnologik enjamlardan uzaklaşyp, maşgalaňyz ýa-da dostlaryňyz bilen dynç alşy guramak ertirki gün höwesli we döredijilikli işlemegi üpjün edýär.