tsoltanova
05.06.2023 14:47

GÖRIPLIK NÄME?
Göripligiň düýp manysy bäsdeşlikdir, has takygy, özüne degişli bolmadyk üstünlige, baýlyga, bagta eýe bolmak islegi bilen, garşydaşyňy habarly etmezden amala aşyrylýan gizlin bäsdeşlikdir.

❌️Göriplik duýgusy- öýke, agressiýa, öjükme ýaly emosional ýagdaýlar bilen utgaşykly gelýän duýgudyr. Adam özüni başga adamlar bilen, has dogrusy olaryň üstünlikleri we maddy ýagdaýlary bilen deňeşdirýär. Öz isleýän, arzuwlaýan zadynyň başgalarda barlygy üçin ýigrenç döreýär. Käwagtlar göriplik sussupeslige, janyýangynlylyga getirip bilýär.

●Göripligiň psihologiýasy başga adamlaryň bagtyna guwanyp bilmezlik, olaryň bagtynyň beýgeldigiçe, negatiw emosiýalaryň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Psihologiýa göriplige birwagtda şahsyýet üçin çäklenme we üstünlige itergi hökmünde garaýar.Adam göripleýän adamsyna ökünmek, ony kopiýalamak bilen öz şahsyýetiniň çökmegine, ýitmegine, çäklenmä getirip biler. Tersine göripleýän adamsyndan ýokary netijeler gazanmak üçin, maksadaokgunly hereket etmäge itergi hem berip biler.

● Göripligiň esasy sebäpleri- mätäçligi (Islendik zada,şol sanda söýgä, mähre, dostluga…), kanagatlanmazlyk duýgusyny, şahsy üstünliginiň ýoklugyny, maddy ýagdaýyň pesligini, öz-özünden göwnüniň bitmezligini, närazylygyny bellemek bolar.

●Göripligiň görnüşleri- gysga wagtlyk,uzak wagtlyk, köpçülige niýetlenen, gizlin, duşmançylykly, kemsidiji… bular ýüze çykarýan häsiýetleri degişlilikde ak we gara göriplige bölünýärler.
Ak göriplik- göripleýän adamsynyň derejesine ýetmek üçin, zyýansyz hereket edýan, gysga wagtda geçip gidýän duýgudyr.
Gara göriplik- ýaňsylama, öjükdirme, kemsitme arkaly agressiw hereketleri bilen göripleýän adamsyna zyýan ýetirmek isleýän,iň gorkunç we ýakymsyz duýgudyr.

●Göripligiň zyýany- başga adamlaryň ýaşaýşyny, üstünliklerini göriplik bilen synlaýan,yzarlaýan adam öz durmuşyny arkaýyn ýaşap bilmez. Kimdir biri bagtly ýaşaýar, kimdir biriniň ähli zady gowy diýip ejir çekýän adam bilen ýaşamak kyn bolar. Galyberse-de, göripligi başdan geçirýän adamda ýüze çykýan agressiýa, ýigrenç, sussupeslik ýaly duýgulary ony jemgyýetçilik düşünjesinden daşlaşdyryp biler. Özüň awy içip, başga adamynyň ölümine garaşmak diýleni ýaly-da.

Görüplik diňe günä sebäbäp bolýan ýürek keseli bolman,bir tarapdan eýesiniň gowy gylyklarynyda aradan aýyrýar. Başgasyna berlen nygmaty gysganan adamlar, ýüreklerinde biderek ýere gynanç göterýärler. Çünki duýan gynançlary görüplik edýän nygmatlary azalmaýar ýa-da özlerine berilmeýär. Şeýlelik bilen görüplik edýän adam maksadyna ýetmeýär. Görüplik doly kalp eýesi, hem dünýäde kynçylyk we hasrat içinde ýaşar, hem-de ahyrýetde uly ýitgä sezebar bolarlar.

●Göriplikden nädip saplanyp bolar?
Göripleýän zadyňyza näme sebäpden göripleýändigiňizi anyklamaly. Belki-de, siz şonsuzam bagtlysyňyz,şol zadyň size ähmiýeti hem ýokdur.
Adamlaryň şol bagta ýetmek üçin nämeleri başdan geçirendiklerini bilmeýändigiňe düşünmeli. Belki-de siz olaryň ýerine bolmak hem islemezdiňiz.
Başgalaryň bagtyny, üstünliklerini öwrenip ýörmän, özüňizi kämilleşdirmeli, özüňizi hakykatdan bagtly edip biljek zatlara üns bermeli.

Durmuşda göriplik duýgusyny ýeňip, ony başgalaryň bagtyna guwanmakdan lezzet almaklyga öwürip bilen adam, öz durmuşynyň hak eýesidir we bu adamynyň göriplap ýetip biljek derejesinden, has ýokary derejelere ýetjekligi şübhesizdir.

56
1 105
elisa
18 Iýun 2023
Haýran galdym.
zubi
10 Iýun 2023
Molodes
yagmyrow
7 Iýun 2023
Oran ajayyp👍
nur77
6 Iýun 2023
(Bahylyň bagy gögermez,gögersede miwe bermez)
menesa___
6 Iýun 2023
Başgalary sähelçe ýylgyrdyp bilse monça bolýan adamlaram bar :)
gulnurtm
6 Iýun 2023
👍
Akgyz💗
5 Iýun 2023
Bu Ýalançyda görüplerdenem görüplikdenem Hudaý saklasyn😮
gunjagaz
5 Iýun 2023
Adam ba yerinde gorupluk bar
maral
5 Iýun 2023
Gaty dogry. Bir yerde okapdym adamlara indi gazanmak yetmeyar. Olar kabirlerinin yitirenini hem gormek isleýãrler
maruf07
5 Iýun 2023
dogry
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.