tsoltanova
21.08.2024 22:25
Ýakynda....🎊🎉
20
416
tsoltanova
19.08.2024 13:39

Täze "Düýşler älemi" türkmen programmamyz tiz wagtda işläp başlar. Bu programmada siz gören düýşüňizi ýorduryp bilersiňiz, düýşler, älem barada gyzykly makalalary okap bilersiňiz we aýratyn bir çat bölüminde öz görýän düýşleriňiz barada pikir alyşyp bilersiňiz.

35
436
tsoltanova
27.07.2024 18:04
Salam hormatly agzalar, Öwrenmelide nähili kemçilikler bar sizde ýüze çykýan. Nähili üýtgeşmeler girizsek siz üçin has gowy bolar?!
21
315
tsoltanova
30.06.2024 16:06

Salam agzalar kimde nähili kemçilikler bar teswirlerde belläñ.

16
552
tsoltanova
06.05.2024 12:15
Gyzym

Men saňa kän zady öwredip bilmen,
Ýörejek ýoluňa bolsam-da çelgi.
Küşdüň tagtasy deý tekiz däl ahyr
Bu uzak ýollaryň syrly göçümi.

Ynha, birden synçy nazarlarymy
Bir nokada dikip galaýsam gussa,
Käte soraglarňy jogaplap bilmän,
Barja zady bilip duran ejeňi
Geňleme, dymsa..

Boýuňa dönenim,
Sen diýýäň ýene:
“Eje, saçlarymy örüp bersene!..”
Meleje gulpakly, gül ysly gyzym,
Biz munda ýaşaýan, gülýän bolsagam,
Bu barlyk, bu durmuş, ählije zatlar
Saçlaň örümi deý aňsatjak däl-ä...
32
187
tsoltanova
04.05.2024 20:01
NÄME ÜÇIN?!

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Du:şman nirde bolduň ir baharlarda?

Saňa çenli täleýime gargynyp,

Duşman boldum oňa ir säherlerde.



Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Çekerdim-ä illeň çeken näzini.

Tutuş ömür boýy gözledim ahyr,

Sen deý arassa gan türkmen gyzyny



Sen maň näme üçin ir sataşmadyň?!

Dözmediňmi pyntyk wagtyň özüňi?

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Ýa-da artyk saýdyňmy sen özüňi?



Hiçden giç ýagşymy, ýa giçden hiçmi?

Manysyny bilmän galýan azara.

Orta ýolda duşan eý, zalym peri

Nädip meni eýläp bildiň awara?!



Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Dözmediňmi pyntyklaňda özüňi?

“Herki zadyň öz wagty bar, sagady”

Diýip gaýta alawladýaň közümi.

Sädi SÄDIÝEW.
28
223
tsoltanova
27.02.2024 17:50
Sen maña näme üçin ir sataşmadyñ?!
Du:şman nirde bolduñ ir baharlarda?!
Saña çenli täleýime gargynyp,
Duşman boldum oña ir säherlerde.
36
253
tsoltanova
23.01.2024 21:42

Eger birini tanamak isleseñ, oña wezipe ber.


Üç kişi syry saklap biler, eger ikisi ölse.


Ýaşamak üçin iý, iýmek üçin ýaşama.


Agajyñ ýatlanyny palta unudar.


Goñşyñy söý, emma haýatlaryñ ýykma.


Bar guraly çekiç bolan, ähli zada çüýdir öýder.

Ertir galan ömrümiziñ, ilkinji günidir.


Durmuş eliñe limon berse, ondan limonat ýasap bilmelisiñ.


Pul ähli zady çözer diýen adam. Pul üçin ähli zady etmäge taýýar adamdyr.

40
320
tsoltanova
22.01.2024 22:39
Dereje berilen agzalar işleriñizde üstinlik! Bu diñe meniñ saýlawym däl Öwrenmeli portalynyñ işjeñ adminler toparynyñda saýlawy. Sizden garaşjak zadymyz Öwrenmeli portalynyñ ýokary düşünjeli türkmen ýaşlaryny jemlemegini meýilleşdirýändigini (bolar-bolgusyz gürrüñler edilmeginiñ gadaganlygyny) agzalara düşündirmegiñiz !
29
584
tsoltanova
22.01.2024 20:16
Salam agşamyñyz haýyrly bolsun, bu gün söhbetdeşlik çady açylar!
37
802