tsoltanova
10.03.2025 00:49

Gyz perzendi mähriban bolar,

Ynamymy sakla gyzym...

Sen ýylgyrsaň dünýe ýaz bolar,

Kalbyñy päk sakla gyzym...

Sen ömrümiň ter çemeni,

Saýla ýollaň merjenini.

Geçmişiñ däl geljegiňi,

Ak güllerden çakla gyzym

Gyzym janym gyzym...

Açyk bolsun alnyň gyzym...

Sen meniň gowün buysanjym

Egsilmejek şanym gyzym.


#Annaberdi Orazmämmedow.

10
131
awadan
2 Aprel 2025
Salam gowy yagdaylarnyz Guli Maksadowna Öwrenmelä girip bilemok diydida kot berenok diyyar gorup duzeldip berayin!?
lite
10 Mart 2025
💖😍💖😍
gggggggggg
10 Mart 2025
Oguldan ýanyp ýörenler,
Çeke-çeke ahy-zary,
Diýsin sizi ýüze sylyp:
«Wah, gyz dogsa bolmaýarmy!»

Yhlas bilen dileýärin
Ýüze sylyp günüm-aýym.
Size giň dünýede abraý
Miýesser etsin ylaýym!

G. Ezizow
gggggggggg
10 Mart 2025
Şunça zatlaň arasynda gözüm birinji hala düşdi🤦‍♂️, bizdede kopýa şu haly bar ýöne gyralary gök(başda göremde öz öýümmikä diýip gitdim. Diňe siziň öýüňizdr şularýaly haly bamy diýsene)🤦‍♂️😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.