tsoltanova
04.05.2024 20:01
NÄME ÜÇIN?!

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Du:şman nirde bolduň ir baharlarda?

Saňa çenli täleýime gargynyp,

Duşman boldum oňa ir säherlerde.



Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Çekerdim-ä illeň çeken näzini.

Tutuş ömür boýy gözledim ahyr,

Sen deý arassa gan türkmen gyzyny



Sen maň näme üçin ir sataşmadyň?!

Dözmediňmi pyntyk wagtyň özüňi?

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Ýa-da artyk saýdyňmy sen özüňi?



Hiçden giç ýagşymy, ýa giçden hiçmi?

Manysyny bilmän galýan azara.

Orta ýolda duşan eý, zalym peri

Nädip meni eýläp bildiň awara?!



Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Dözmediňmi pyntyklaňda özüňi?

“Herki zadyň öz wagty bar, sagady”

Diýip gaýta alawladýaň közümi.

Sädi SÄDIÝEW.
28
223
awgust
4 May 2024
@ATOMIC, Of course. Your brain is working very well
ATOMIC
4 May 2024
@awgust, my brain is so wonderful) thanks!
awgust
4 May 2024
@ATOMIC, 😄
ATOMIC
4 May 2024
Sädi Sädiýewdigini ilkinji setirindenem bildim:) onam nädip bildim öňem paýlaşaňda aklymda galypdyr 🧠 meň ýadym gowy eken.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.