tsoltanov
15.11.2022 01:02
Salam, has yakyn günlerde boljak täzelikleri siz bilen tanyşdyrmakçy.
Öwrenmeli progammasy iphone IOS telefonlar üçin hem hyzmata başlaýar.
Postlaryňyza teswir ýa-da like dislike goýulanda bildiriş geler.
Blogger bolmak isleýänler üçin täze bölüm açylar (Gazanç etmek üçin)
Sende nähili pikirler bar ýazyp bilersiň
76
1 408
46
tsoltanov
11.11.2022 15:27
Maňa dislike näme üçin goýdy? Uzak wagt bari synlap gelýän. Köp ulanyjy dislike goýulsa nägile bolýar. Durmuşdada herkimiň pikiri, halaýan zatlary, düşünejeleri deň gelmeýär. Seň halan zadyňy başga biri halaman bilýär, ýa-da seň pikiriň bilen pikiri deň gelmeýär. Seň paýlaşan zadyňy herkim halaman biler. Dislike bilen like funksiýasy aslynda seň paýlaşan zadyň hakda kim nähili garaýar şony kesgitläp berýär. Dislike erbet zat däl. Dislike näme üçin goýdy diýip sorag bermezden öň şulary pikir et. Saňa görä gowy bolýan zat oňa görä gowy däl. Oň göwnine ýaramady şoň üçin gysgaça dislike bilen pikirini beýän etdi. Like goýýanlar hem posty okaman paýlaşan kişä görä like goýýar. Like we dislike goýaňyzda posty okap hakykatdanam kesgitläp goýuň. Şonda bu ýeri hasam gyzykly bolar. Ruhsyz, pikirsiz, okamak we düşünmek ukyby ýok ýaly her zada ýalandan like goýmak meň üçinä gowy däl. Posty paýlaşan kim bolsada göwniňe ýaramaýan bolsa dislike goýup beýän et. Ýalandan haladym diýmeli däl. Ýokardaky zatlar diňe programma içine degişli däl. Durmuşdada halamadyk zadyňy halamadym diýip aýtmaly. Hakyky pikiriňi beýan etmegi başarmaly. Sen robot däl öz pikiriň we erkiň bar!!!
63
619
31
tsoltanov
09.11.2022 02:07
Indi postlaryňyza kim dislike kim like goýanyny görüp bilýärsiňiz. Postyň daşyndaky Gyzylja like dislike suratjygy duran ýere basyp görüp bilersiňiz. Kime dislike goýan bolsam aýyrmaga barýan
76
1 243
129
tsoltanov
21.10.2022 09:43
Adamlaryň siz hakda näme pikir edýändigine üns bermän ömrüňizi uzaldyp bilersiňiz.
68
1 111
53
tsoltanov
05.09.2022 10:17
Anel Nemo
37
674
10
tsoltanov
19.08.2022 19:59
Tilkiň guýrugy gapana gysylypdyr. Gapandan halas bolmak üçin guýrugyny kesmeli bolupdyr. Has soňra başga bir tilki guýruksyz görende:
"Näme üçin guýrugyňy kesdiň?" diýip sorapdyr.
Guýrugyny kesen tilki bolsa:
"Guýruksyz özümi gaty bagtly we şadyýan duýýaryn" diýip jogap beripdir.
Bu sözlerden soň beýleki tilki hem öz guýrugyny kesipdir. Emma bagtly bolmagyň deregine gaty ejir çekipdir. agyrysyna çydamandyr. Beýleki tilkiň ýanyna baryp:
"Näme üçin meni aldadyň? Men bagtly hem bolmadym şadyýanam bolmadym. Diňe ejir çekdim" diýipdir.
1 Tilki: "Eger ejir çekeniňi beýleki tilkilere aýtsaň guýruklaryny kesmezler we biziň üstümizden gülerler" diýip jogap beripdir.
Onsoň bu iki tilki beýleki tilkilere guýruksyz gaty bagtly we şadyýan bolandyklaryny aýdypdyrlar.
Şeýlelik bilen tilkileriň ählisi diýen ýaly guýruklaryny kesipdirler. Şeýdip köpçülik guýruksyz tarapda bolupdyr. Bu gezek hem guýrukly bolanlaryň üstünden gülüp, azap berip başlapdyrlar.
Ine. Ilki bilen jemgyýeti bozarlar. Soňra gowy adamlary erbet adamlara günäkärlederler.
Islendik bir zady hem köpçülik tassyklasa şol zadyň dogrudygyny aňlatmaýar.
57
1 104
25
tsoltanov
31.07.2022 23:28
Kimkä bu owadanja :).
Älem Sesi promo 4 (Video)
28
599
22
tsoltanov
31.07.2022 07:30
Bu gyzy tanadyňyzmy
(Video)
42
606
24
tsoltanov
30.07.2022 05:32
Çepbe Öwrenmelini öwrenýär (Video)
44
565
40
tsoltanov
29.07.2022 00:55
Älem Sesi 2-nji wideo reklamasy
. Gyzylgül Babaýewa
47
631
23
Yene yükle