Maňa dislike näme üçin goýdy?
Uzak wagt bari synlap gelýän. Köp ulanyjy dislike goýulsa nägile bolýar. Durmuşdada herkimiň pikiri, halaýan zatlary, düşünejeleri deň gelmeýär. Seň halan zadyňy başga biri halaman bilýär, ýa-da seň pikiriň bilen pikiri deň gelmeýär. Seň paýlaşan zadyňy herkim halaman biler. Dislike bilen like funksiýasy aslynda seň paýlaşan zadyň hakda kim nähili garaýar şony kesgitläp berýär. Dislike erbet zat däl. Dislike näme üçin goýdy diýip sorag bermezden öň şulary pikir et. Saňa görä gowy bolýan zat oňa görä gowy däl. Oň göwnine ýaramady şoň üçin gysgaça dislike bilen pikirini beýän etdi.
Like goýýanlar hem posty okaman paýlaşan kişä görä like goýýar. Like we dislike goýaňyzda posty okap hakykatdanam kesgitläp goýuň. Şonda bu ýeri hasam gyzykly bolar. Ruhsyz, pikirsiz, okamak we düşünmek ukyby ýok ýaly her zada ýalandan like goýmak meň üçinä gowy däl.
Posty paýlaşan kim bolsada göwniňe ýaramaýan bolsa dislike goýup beýän et. Ýalandan haladym diýmeli däl.
Ýokardaky zatlar diňe programma içine degişli däl. Durmuşdada halamadyk zadyňy halamadym diýip aýtmaly. Hakyky pikiriňi beýan etmegi başarmaly. Sen robot däl öz pikiriň we erkiň bar!!!