tsoltanov
19.08.2022 19:59
Tilkiň guýrugy gapana gysylypdyr. Gapandan halas bolmak üçin guýrugyny kesmeli bolupdyr. Has soňra başga bir tilki guýruksyz görende:
"Näme üçin guýrugyňy kesdiň?" diýip sorapdyr.
Guýrugyny kesen tilki bolsa:
"Guýruksyz özümi gaty bagtly we şadyýan duýýaryn" diýip jogap beripdir.
Bu sözlerden soň beýleki tilki hem öz guýrugyny kesipdir. Emma bagtly bolmagyň deregine gaty ejir çekipdir. agyrysyna çydamandyr. Beýleki tilkiň ýanyna baryp:
"Näme üçin meni aldadyň? Men bagtly hem bolmadym şadyýanam bolmadym. Diňe ejir çekdim" diýipdir. 
1 Tilki: "Eger ejir çekeniňi beýleki tilkilere aýtsaň guýruklaryny kesmezler we biziň üstümizden gülerler" diýip jogap beripdir.
Onsoň bu iki tilki beýleki tilkilere guýruksyz gaty bagtly we şadyýan bolandyklaryny aýdypdyrlar.
Şeýlelik bilen tilkileriň ählisi diýen ýaly guýruklaryny kesipdirler. Şeýdip köpçülik guýruksyz tarapda bolupdyr. Bu gezek hem guýrukly bolanlaryň üstünden gülüp, azap berip başlapdyrlar.
Ine. Ilki bilen jemgyýeti bozarlar. Soňra gowy adamlary erbet adamlara günäkärlederler. 
Islendik bir zady hem köpçülik tassyklasa şol zadyň dogrudygyny aňlatmaýar.





57
1 104
Myhman Myhman
15 Iýun 2023
Su yazgyny okap bir nakyl yadyma dusdi "Dogruçylyñ dosdy ýok" diyip olar kopculige gora dal dogry zada gora hereket etyarler we guyruksyz tilkiler ona grsy cykyp ony yaman gorkezyarler...
Myhman Myhman
15 Yanwar 2023
🤔dine pikirde
ideallider
24 Noýabr 2022
🤪CrAzYGIRLL🤪, ine şuňa meňzeş diýdigim!
AýgülÝazweliýewa
5 Noýabr 2022
Başgalara görä bolmaly däl
Reana
1 Noýabr 2022
Papatya, salam
Reana
1 Noýabr 2022
Salam hemmanize
ideallider
14 Oktýabr 2022
Şeýle edileninde "Sürüden" saýlanylýar hem ynsan bolunýar👍
Myhman Myhman
20 Awgust 2022
dogry
Myhman Myhman
20 Awgust 2022
Yaltanyanda okamanaa
Papatya
20 Awgust 2022
Okamaga ýaltanýan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.