tsoltanov
25.07.2023 18:57

Salam hormatly agzalar!

owrenmeli.app web sahypaňyz resmi ýagdaýda işläp başlady. Indi postlaryňyz, profilleriňiz google we beýleki gözleg saýtlarynda çykar. Şeýle hem öz postlaryňyzy salgysy boýunça imo we beýleki sosial portallarda paýlaşyp aktiwlik gazanyp bilersiňiz. 

Hany üýşüp bilelikde postlarymyzy öwrenmeli appdan daşky dünýä çykaralyň. Postlaryňyzy paýlaşyň :)


Goşmaça: Eger bu post 666 likedan geçse ýokary hilli söhbetdeşlik bölümi açjak :)

230
2 501
tsoltanov
27.06.2023 22:24

Hormatly agzalar! Ähliňizi ýetip gelen Gurban baýramyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Ojagyňyzda agzybirlik we Baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda elmydama asudalyk höküm sürsün. Berjek bolýan sadakalaryňyz kabul bolsun. Indiki ýyllarda hem şeýle asudalyk we parahatlyk bilen gutlamak miýesser etsin. 


Gutlaýan alemsesi.com, Öwrenmeli App topary we tsoltanov.com

380
8 138
tsoltanov
07.06.2023 18:00

Soragym: Köçede, öz göwnüne ýaran zadyny geýip, özüne seretýän bir gyz geçip barýar. Muny gören erkekler yzyndan gygyrýar, lak atjak bolýar. Onsoň şol gygyranlara soraňda, özleri şeýle geýinmesin diýýär. Hakykatdanam günä kimde?


Jogabym: 

Bu ýagdaýda günäkär zenana azar berýän ýa-da oňa çemeleşýän erkekdir.  Adamyň geýýän zady ýa-da görnüşi hiç hili ýagdaýda başgalaryň azar bermek hukugyny esaslandyrmaýar.  Her bir adamyň şahsy durmuşyna we şahsy erkinligine hormat goýulmagyna garaşmak adam hukugynyň dogry hemde esasy ýörelgesidir.

Aýaly  kemsitmek 'erkeklik' diýip pikir edýän bolsaň, ýalňyşýarsyň. Hakyky erkek aýallara hormat goýýar we hukuklaryna hormat goýýar. Hakyky erkek beýlekileriň geýnişine baha bermeýär, tersine, özüni alyp barşyna we garaýşyna gözegçilik edýär. Ol häsiýet mmmm.. heniz kämilleşmedik, özgermedik, düşünjesizlik bolup biler.

Bu ýagdaýy üýtgetmek diňe siziň eliňizde. Öz garaýşyňyzy düzediň. Başgalaryna hormat goýuň. Aýallaryň öz islegegine görä eşik saýlamaga doly hukuklarynyň bardygyny kabul ediň. Hakyky erkek aýal-gyzlaryň azatlyklaryna hormat goýar. 

Şu ýazanlarymyňam peýdasyzdygyny bilýärin. Sebäbi okaýan adam, şeýle hem olar ýaly hereket etmez.


71
1 251
tsoltanov
13.05.2023 18:49

"Kim dislike goýdy?" meseläňiz indi ýok. 👌


Kimiň dislike goýanyny indi hiç kim bilmez. Dislike goýulanda diňe profiliňizdäki balyňyz peseler. Eger bir ulanyjy yzly yzyna like ýa-da dislike goýsa awtomatiki spama düşer we hasaby 1 hepde petiklener. (Köp agzalar yzly yzyna like goýýar. Esasy kimlerdigini bilýän ýöne aýtjak däl.)
Indi şonuň ýaly hereketler gaýtalansa awtomatiki ýagdaýda spama düşer ýaly edildi. Kimiň Like goýanyny bolsa, täze wersiýada diňe bildiriş arkaly görüp bilersiňiz. Sizden haýyş edýärin like dislike hakda özüňizi bot (robot) ýaly alyp barmaň. Hakykatdanam Ýaramasa dislike goýuň ýarasada like goýuň. Mesele bu ýerde pikirlenip beýniňi işledip bilmek.


Şu ýerden 1 teňňe hem gazanç ýok. Diňe peýdalyrak birzatlar etmek isleýäris. Şonuň üçin pikirleniň özüňizi kämilleşdiriň bir birege birzatlar öwretmek ýa-da şoňa meňzeş birzatlar edip medeniýetli arassa köpçülik dörediň. Köp sag boluň. 🫶

70
1 546
tsoltanov
01.05.2023 20:46

Geljegi meniň ýaly kodlary bilen emele getirýänler, älemdäki iň uly güýç bolan bilimiň yzynda erkinligiň çäklerini ýok edip täze dünýä gurýarys. 

53
1 225
tsoltanov
13.04.2023 07:04

Sorag:

Menden  bir näçe ýyl öň dünýä gelen birini uly diýip, men näme üçin sylamaly? 

Iň gowy jogap berene 200TMT


81
2 647
tsoltanov
17.03.2023 20:42

Salam, öwrenmeli nahili işleyar

35
1 603
tsoltanov
tsoltanov
14.02.2023 22:06
Öwrenmeli Play Storede 100 müň⭐ ýüklenme sanyna ýetdi. Ähliňize minnetdar
tsoltanov
11.01.2023 04:42

Salam hormatly agzalar!

Mana ussat, dile çeper, döwrebap, gözyetimi gin bolan türki döwletlerin medeniyetini yakyndan tanayan gowy goşgy yazyp bilyan gerek.

Goşgy bize  bir aydym üçin gerek. Aydymda esasy türkmen we türki döwletleri reklama edilyar.  Aydym hayal tempde bolyar. 

Goşgyn içinde bolmaly zatlar.

Goşgyda türkmenleriň we türki döwletleriň güýçli taryhyny agzamaly, türkmen milliliginiň nähili ajaýyp we tämiz zatdygyny agzamaly. Türkmen milliliginiň aramyzdan ýitip barýandygyny agzamaly. Adamlaryň arasyndaky ynanç ahlagyň azalandygyny agzamaly. Milletparazçylyk hakda agzap geçmeli.

Aydym çykandan sonra gaty uly potensialy bar. Aydymda goşgy yazanyn  hem ady geçer. Pul bayragy hem bardyr.

Üns berip okanynyz üçin köp sag bolun!

40
1 519
tsoltanov
17.11.2022 21:04

Men gowumy sen gowy?

61
1 412