tsoltanov
07.06.2023 18:00

Soragym: Köçede, öz göwnüne ýaran zadyny geýip, özüne seretýän bir gyz geçip barýar. Muny gören erkekler yzyndan gygyrýar, lak atjak bolýar. Onsoň şol gygyranlara soraňda, özleri şeýle geýinmesin diýýär. Hakykatdanam günä kimde?


Jogabym: 

Bu ýagdaýda günäkär zenana azar berýän ýa-da oňa çemeleşýän erkekdir.  Adamyň geýýän zady ýa-da görnüşi hiç hili ýagdaýda başgalaryň azar bermek hukugyny esaslandyrmaýar.  Her bir adamyň şahsy durmuşyna we şahsy erkinligine hormat goýulmagyna garaşmak adam hukugynyň dogry hemde esasy ýörelgesidir.

Aýaly  kemsitmek 'erkeklik' diýip pikir edýän bolsaň, ýalňyşýarsyň. Hakyky erkek aýallara hormat goýýar we hukuklaryna hormat goýýar. Hakyky erkek beýlekileriň geýnişine baha bermeýär, tersine, özüni alyp barşyna we garaýşyna gözegçilik edýär. Ol häsiýet mmmm.. heniz kämilleşmedik, özgermedik, düşünjesizlik bolup biler.

Bu ýagdaýy üýtgetmek diňe siziň eliňizde. Öz garaýşyňyzy düzediň. Başgalaryna hormat goýuň. Aýallaryň öz islegegine görä eşik saýlamaga doly hukuklarynyň bardygyny kabul ediň. Hakyky erkek aýal-gyzlaryň azatlyklaryna hormat goýar. 

Şu ýazanlarymyňam peýdasyzdygyny bilýärin. Sebäbi okaýan adam, şeýle hem olar ýaly hereket etmez.


71
1 252
suray94
15 May 2024
Ol zarlarynuz bn ylalaşyan yone türkmen gyzlaryna gelismeyan,endamyñ acyk ,Yada yakasy irik koynek koynegiñ uzynlygy bolmanda dyzyna barsyn. Olar yaly kocede gygyryp lak atyan oglanlara zat gormedik ya da ac mojeklere meñzetyan
wise
7 Fewral 2024
Assalam 👍
susom
5 Yanwar 2024
👍
ssulya
5 Yanwar 2024
Siziň aydyan pikiriňizi dogry hasaplaýaryn. Eşik adamyň häsiýeti dälmikä diýýän. Her kim özüne rahat bolanny edýär, ýöne çakdanaşa bolýanlaram bar, olaryňam ýüzlerine seredeniňde nähilidigini bilip bolýarmyka diýip düşünýän..
pylan
4 Iýul 2023
👍
brss
4 Iýul 2023
Online
tsoltanova
3 Iýul 2023
@moana, näme aýtjak?
Myhman Myhman
29 Iýun 2023
T Soltanow pikiriňize doly goşulýaryn
ideallider
18 Iýun 2023
...gygyrypýörmän adatça gizlin parolly zatlar aýdýarlar. Meselem hapa-hapa sögünipgezýärler, pynhan gürrüňleri edýärler ýada ýeňles geýinýärler. Gyzlaryň içinde boluşyýaly gülli köýnek geýip, kosmetika ulanyp özüne özi ýaly ýar gözleýän oglanlar hem bolýar. Düşnükli adatça adamlar "Men bedenimi satýan" diýmek üçin ýeňles geýinýär. Adatça başgalar şu boýunçada tapýar. Ýöne bu aýdanym 100% ulanylanok, emma aglabasy gözlegdedini duýdurmak isleýär.
ideallider
18 Iýun 2023
Adamlar. Käbirlerimiziň halal, arassa-päk, güýçli, abraýly bolmak isleýşimizýaly, haram, ysnatsyz-hapa ejiz, biabraý bolmak isleýän adamlar hem bar. Beýle adamlar köpçülige "Menharam, ysnatsyz-hapa ejiz, biabraý" diýip gygyrypýörmän...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.