"Kim dislike goýdy?" meseläňiz indi ýok. 👌
Kimiň dislike goýanyny indi hiç kim bilmez. Dislike goýulanda diňe profiliňizdäki balyňyz peseler. Eger bir ulanyjy yzly yzyna like ýa-da dislike goýsa awtomatiki spama düşer we hasaby 1 hepde petiklener. (Köp agzalar yzly yzyna like goýýar. Esasy kimlerdigini bilýän ýöne aýtjak däl.)
Indi şonuň ýaly hereketler gaýtalansa awtomatiki ýagdaýda spama düşer ýaly edildi. Kimiň Like goýanyny bolsa, täze wersiýada diňe bildiriş arkaly görüp bilersiňiz. Sizden haýyş edýärin like dislike hakda özüňizi bot (robot) ýaly alyp barmaň. Hakykatdanam Ýaramasa dislike goýuň ýarasada like goýuň. Mesele bu ýerde pikirlenip beýniňi işledip bilmek.
Şu ýerden 1 teňňe hem gazanç ýok. Diňe peýdalyrak birzatlar etmek isleýäris. Şonuň üçin pikirleniň özüňizi kämilleşdiriň bir birege birzatlar öwretmek ýa-da şoňa meňzeş birzatlar edip medeniýetli arassa köpçülik dörediň. Köp sag boluň. 🫶