towşanjyk
11.03.2023 19:57
Dostsurap, dostuňa diýseler ýaman,
Bilip goý: özüňe gaçýandyr ýanam.

K.Gurbannepesow
9
59
towşanjyk
09.03.2023 17:17
Men ony goradym ýaman gözlerden,
Jalaý ýigitleriň her garaýşyndan,
Sowuk gybatlardan, sowuk sözlerden,
Tükenmez ýyllaryň gara gyşyndan.

Goradym göripleň gargaýyşyndan,
Ýakynlarymdanam goradym ony.
Goradym dostlarmyň ýylgyryşyndan,
Hiç bir zada rowa görmedim ony.

Bişişini synlap ullakan almaň,
Şol uly alma-da gorkuly garap,
Ony ähli zatdan goradym, arman,
Özümi şol gyzdan bilmedim gorap.

Han-ha, iňrik ýere ýazylyp barýar,
Bilýän, bir ýerlerde eýýäm daň atdy,
Oň söýgüsi misli bir uly derýa
Zyňylan daş bolup, ýüregme ýetdi.

Ine, syryp ýörüs köçeleň boýun,
Bir-birmiz tanaman, nobata durus,
Geliň, syr saklaman, alalyň, boýun,
Şol daşy näçämiz göterip ýörüs.

Bir jeza bar jezalaňam jellady:
Wysallaryň myrat bolmak deregne,
Adamyň eý gören, ynanan zady
Bir gara daş bolup çökýär ýüregne.

Ynamsyz ýaşamak mümkin däl, mümkin,
Ony goramaly beýni hem ýürek.
Ýöne ynamlaňňam synýany üçin,
Käte ynamlardan goranmak gerek.

G.Ezizow
8
72
towşanjyk
08.03.2023 10:23
Dost öýünde iýen duzuñ haklagyn
Erkek bolsañ namysly bol arly bol
Ayal bolsan yeke gul bol ärli bol
Ýyl gecsede bu däneden gecmändir
Owal ozluk gelin gyza dusmandyr
Ynanmagyn näce etsede puşman
Dönük bir sypdygy yene bor duşman
Käbir zady yuregim hic almayar
Maşyn,aýal iki kişä bolmayar
Gaýynynyñ agzyna añalya käsi
Gaýynatasy bilen tanalya käsi
Atañ barly bolsa adagly borsyñ
Özüñ barly bolsan idegli borsyñ
Söýmek bir zat halamagam birzatdyr
Gorkmak birzat sylamagam birzatdyr
Saýsa saýybersin hernäce hossar
duşmanyn duşmanyda sañada duşman
Hernäce aýt sen hernäce käkele
Öwüt ündew yokmaz eken näkese
30da bolmadyk derekli adam
60dada bolmaz gerekli adam
hickim saklap bilmez äre gitjegi
Ýaşmak saklap bilmez gybat etjegi.
11
85
towşanjyk
07.03.2023 08:50
Söýgi näme bilýäñizmi adamlar
Soragyn jogabyn tapmaklyk gerek
Biri diýer iki juwan gowuşsa
Söýgi şodur diýip jogabyn berer

Ýene biri diýer Söýgi maşgala
Agzybirlik hemde dostlukda diýer
Şatlanyp güleñde dörär bir duýgy
Şo duýgy hem diñe söýgidir diýer

Yene bir dostum aýaga galyp
Söýgi eneñ atañ özidir diýer
Olaryñ ulaldyp ösdüren wagty
Şolaryñ bar wagty söýgidir diýer
 
Añyrdan,seslenip uly goç ýigit
Söýgi watandadyr ol ene toprak
Watan üçin şirin janyñy berip
Dusmanlañ öñünde göreşmek diýer

Garaz hemme kişi berdiler jogap
meniñem pikirimi diñlemek gerek
Söýgi Imandadyr azajyk oýlan
Imansyz adamlar ol kime gerek
 
8
75
towşanjyk
06.03.2023 08:49
Bu gosgyny hokman okan seyle gyzykly gosgy.


Hanha ejen gelyar iki eplenip
Ogly turman yatyr yassyk yaslanyp
Gelin necew beryar are gep berip
Gozun diker otyr gitmezmika diyip
Sayla birimizi meni ya sony
Su gapydan gelmez yaly et sony
Ejen gozi gas cytyp duranok
Aramyza cop atmasan bolanok
Sol wagt yigit tarsa turdy yerinden
Gahary gaynady gazaby cowdy
Pahhey senem dp aylan yumrugy
Balam diyen enan basyna degdi
Bosagadan atlap serilli yere
Balasyna zaryn bakdyda yene
Balam elin agyrmadydami zar yene
Hic dusunip bilman yuwdundy ene
Turjak bolup gordi turup bilmedi
Sol yatysy boldy yany galmady
Hic peyda bolmady dari dermandan
Oglunyn yuregi doldy armandan
In sonky deminde ene gowsunup
Duwuncegi acyp gorun diydide
Razylasyp gitman yumdy gozuni
Ena yumrugun goteren ogul
Sol wagt bir gysym bolup otyrdy
Perzendine miras getiren ene
Perisdedey uka cumup yatyrdy.
15
113
towşanjyk
05.03.2023 10:54
Mahmal sähram sen bolup,
Bahar maňa bakanda,
Howlukmadym hiç zada,
Sen bar diýip jahanda.

Yrsaradym, näz etdim,
Betdim, Nähili betdim!
Hernä kejiňe gitdim,
Sen bar diýip jahanda.

Näme diýseň tapylýar,
Näme etsem hakym bar.
Boldum saňa hökümdar,
Sen bar diýip jahanda.

Ona ýetsemem çaga,
Ondan ötsemem çaga.
Wagtym ýok ulalmaga,
Sen bir diýip jahanda.

Ellä ýetmän eje jan,
Gözüň ýumlan mahalda,
Özüm aldap kän gezdim,
Barsyň diýip jahanda.

Ýogsam boýun alypdym,
Hemme zady bilipdim.
... A men Dünýä gelipdim,
Sen bar diýip jahanda.
8
82