towşanjyk
07.03.2023 08:50
Söýgi näme bilýäñizmi adamlar
Soragyn jogabyn tapmaklyk gerek
Biri diýer iki juwan gowuşsa
Söýgi şodur diýip jogabyn berer

Ýene biri diýer Söýgi maşgala
Agzybirlik hemde dostlukda diýer
Şatlanyp güleñde dörär bir duýgy
Şo duýgy hem diñe söýgidir diýer

Yene bir dostum aýaga galyp
Söýgi eneñ atañ özidir diýer
Olaryñ ulaldyp ösdüren wagty
Şolaryñ bar wagty söýgidir diýer
 
Añyrdan,seslenip uly goç ýigit
Söýgi watandadyr ol ene toprak
Watan üçin şirin janyñy berip
Dusmanlañ öñünde göreşmek diýer

Garaz hemme kişi berdiler jogap
meniñem pikirimi diñlemek gerek
Söýgi Imandadyr azajyk oýlan
Imansyz adamlar ol kime gerek
 
8
75
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.